Mehanizmleşdirmek oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrýan esasy şertleriň biridir. Tehniki serişdeleriň ulanylmagy zähmet çykdajylaryny azaltmaga, wagty tygşytlamaga hem-de giň meýdanlarda gysga wagtda iş alyp barmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem mehanizmleşdirme adam güýjüne düşýän agramy ýeňilleşdirip, işleriň hilini ýokarlandyrýar.
Ekin ekmek we ýer taýýarlamak döwründe tehnikanyň roly
Ýer sürmek, tohum sepmegi taýýarlamak, tekizlemek ýaly ilkinji tapgyrdaky işler häzirki zaman tehnikalary arkaly ýerine ýetirilende, topragyň gurluşy gowulaşýar we hasyllylyk ýokarlanýar. Traktorlar, kultiwatorlar we sepijiler tohumlaryň deň ýerleşdirilmegini üpjün edýär, bu bolsa ösümlikleriň deň ösüşine oňyn täsir edýär.
Ösümliklere hyzmat etmekde mehanizasiýanyň täsiri
Ekinleriň ösüş döwründe suwarmak, dökünlemek, zyýan berijilere garşy göreşmek ýaly işler ýörite enjamlar arkaly amala aşyrylanda öndürijilik artýar. Mehaniki serişdeler serişdeleri tygşytly ulanmaga mümkinçilik berýär we ösümlikleriň sagdyn ösmegine şert döredýär. Şeýle usullar ekinleriň kesellere garşy durnuklylygyny hem güýçlendirýär.
Hasyl ýygnamakda mehanizmleşdirmegiň ykdysady peýdasy
Hasyl ýygnamak döwründe kombaýnlar we beýleki ýörite tehnikalar ulanylanda, hasyl ýitgisi azalýar we ýygnamak işi çaltlaşýar. Bu diňe bir wagt tygşytlaman, eýsem önümiň hilini hem saklaýar. Mehanizmleşdirilen ýygnama usullary oba hojalyk önümçiliginiň ykdysady taýdan bähbitli bolmagyna uly goşant goşýar.
Saparow Soltanmyrat
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby


