Seçip almagyň görnüşleri — belli bir ýaşaýyş şertlerine we önümçilik tehnologiýasyna uýgunlaşan mallaryń saklanmagyna ýa-da adam tarapyndan öz talaplaryny has gowy kanagatlandyrýan mallaryń seçilip alynmagyna we has pes uýgunlaşan, has ýaramaz mallaryń tebigat ýa-da adam tarapyndan ýok edilmegine seçip almak diýilip düşünilýär. Azu köp derejede islendik bir tarapa meýilli görnüşleri seçip almak arkaly ösümlikleriń köp sortlaryny we mallaryń dürli tohumlaryny çykarmak hem-de olaryń mundan beýläk-de köpeltmek baradaky biçak köp materiallary umumylaşdyryp, Ç.Darwin medeni ösümlikleri we öý mallaryny döretmekde olaryń mundan beýläkki ewolýusiýasynda emeli seçip almaklygyń ägirt döredijilik ýoly bar diýen netijä gelipdir.
Öý mallarynyń we medeni ösümlikleriniń özgerijiligini hem-de ewolýusiýasyny öwrenmegi bol sanlygy saklamak, olaryń köp nesil berijiligi we ir köpelmäge ukyplylygy mallary adamy gyzyklandyrýan alamatlar boýunça gowy özgermegi, daşky sredanyń şertleriniń saýlap almagyń ugruna laýyk gelmegi, otnositel özgerijiliginiń häsiýeti, zawodçynyń saýlap almak boýunça alnyp barylýan alamatlardaky ownuk, käte göze ilmeýän diýen ýaly tapawudy gormegi başarmagy ýaly şertler, Ç.Darwiniń pikirine görä, seçip almagyń üstünlikli bolmagyna amatly täsir edýär.
Seçip almak organizmiń özgerijiligini belli bir ugra gönükdirýär, haýsy ugra saýlanyp alynýan bolsa şol ugrada özgerýär, daşky sreda saýlanyp alnan alamatlaryń we sypatlaryń ösmegine amatly şert döredýän bolsa, tohum şol ugurda hem kämilleşýär. Ań-düşünjesiz seçip almak. Şonda adam özi üçin amatly mallary galdyrmak maksady bilen iş geçirýär.
Metodiki saýlanyp alynanda çalt netije gazanylýar. Zootehniýada (ań-düşünjesiz) saýlap almak sözünden ýüz öwürmäge wagt ýetdi. Köpçülikleýin (fenotipik) seçip almak. Köpçülikleýin seçip almak üçin iń esasy zat nesil geçirijilik derejesine garamazdan, mallaryń indiwidual aýratynlygydyr. Mahlasy, malyń öz asly gelip çykyşynda, gapdallaýyn gelip çykyşynda we nesillerine garamazdan onuń önümliligi, eksteriýeri, interýeri, gurluşy, ýaşaýşa ukyplylygy we indiwidual häsiýeti boýunça saýlanyp alynmagydyr.
Häzirki zaman tehnologiýadan ugur alsak, köpçülikleýin saýlap almagy köplenç fenotipi boýunça saýlap almak diýýärler, bu bolsa has dogrudyr. Fenotipi boýunça saýlap almak zootehniki işde we häzirki wagt uly rol oýnaýar.Fenotip – munuń özi ontogeneziń belli bir etabynda malyń ähli alamatlarynyń kompleksidir ýa-da häzirki etapdaky ýagdaýydyr. Genotip – munuń özi nesildüşer informasiýanyń, organizmiń ösüşiniń baş liniýasynyń kompleksidir.
Türkmen oba hojalyk instituty
3-nji ýyl talyby Allaberdiýewa Aýşat