Pagta süýümi dokma senagaty üçin möhüm çig mal bolup, onuň hili öndürilýän tekstil önümleriniň tehnologiýasyny, bazar bäsdeşlik ukybyny we ykdysady netijeliligini kesgitleýän iň möhüm görkezijileriň biridir. Süýümiň hil aýratynlygy oba hojalygynda ekinçiligiň dogry gurnalmagyna, toprak-howa şertleriniň sazlaşygyna, aýratyn hem gaýtadan işleniş prosesleriniň talaba laýyk ýerine ýetirilmegine bagly ýagdaýda emele gelýär. Şeýlelikde, pagta ösdürip ýetişdirmegiň ähli tapgyrlary ylmy taýdan esaslandyrylyp guralsa, süýümiň uzynlygy, inçeligi, dartyş berkligi we arassalygy ýokary derejesinde saklanyp bilner.
Pagta süýüminiň hili ilki bilen saýlanylan sort aýratynlygyna baglydyr. Uzyn we berk süýümli sortlaryň ösdürilip ýetişdirilmegi dokma senagatynyň talaplaryny doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem, gün şöhlesiniň mukdary, temperaturanyň derejesi we howanyň çyglylygy pagta süýüminiň ösüşine gönüden-göni täsir edýär. Tebigat şertleriniň amatly bolmadyk halatlarynda süýüm gysga, gowşak ýa-da reňk boýunça pes hilli bolup biler. Gowaça ekininiň ösüş döwründe suw we minerallar bilen üpjünçiligiň dogry sazlaşdyrylmagy süýümiň gurluş taýdan berklemegine getirýär. Suwuň ýeterlik bolmazlygy süýümiň gysgalmagyna sebäp bolsa, artyk suw bolsa onuň mehaniki berkligini peseldip bilýär.
Kesellere we zyýankeşlere garşy geçirilýän ylmy esaslandyrylan çäreler pagta süýüminiň arassalygyny saklamakda wajypdyr. Hasyl ýygnamak döwrüniň dogry saýlanylyşy hem aýratyn ähmiýetlidir. Tohumlylygyň doly kemala gelmezinden öň ýygnalan pagta süýümiň hili pes we boýag taýdan näsaz bolýar. Şeýle hem pagta arassalaýyş kärhanalarynda tehnologik düzgünleriň berjaý edilmegi süýümiň hiliniň üýtgän ýagdaýda saklanmazlygy üçin zerurdyr.
Pagta süýüminiň hilini kesgitlemek üçin halkara standartlaryna laýyklykda birnäçe görkezijiler boýunça bahalandyrmalar geçirilýär. Süýümiň uzynlygy, inçeligi, we dartyş berkligi ýörite enjamlar arkaly ölçenip, onuň dokma önümçiligine bolan ukyby takyk kesgitlenýär. Optiki seljermeler arkaly süýümiň reňk taýdan arassalygy we hapalylyk derejesi anyklanylýar. Bu görkezijileriň her biri pagta süýüminiň netijeli gaýtadan işlenip, ýokary hilli ýüplük we matalaryň öndürilmegine gönüden-göni täsir edýär.
Şeýlelikde, pagta süýüminiň hiliniň ýokarlanmagy oba hojalygynda agrotehniki çäreleriň ähli basgançaklarynyň ylmy taýdan esaslandyrylyp geçirilmegine, şeýle hem gaýtadan işleniş ulgamynyň kämilleşdirilmegine baglydyr.
Nurowa Gunçagül,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň 5-nji ýyl talyby



