Damjalaýyn suw tutmak-bu näme — Damjalaýyn suwaryşyň meşhurlygy, esasy peýdalaryny görkezmek bilen düşündirilýär:
Damjalaýyn suwaryş ulgamyny nädip gurup bolar? Tygşytlylygy, suwaryşyň bu usuly, beýlekilerden tapawutlylykda suwuň sarp edilişini birnäçe gezek azaltmaga mümkinçilik berýär. Bu suwaryşda haşal otlar suwsyz galýar. Galyberse-de, çyglylyk ösümligiň, gök önümleriň, miweleriň ýa-da bezeg ösümlikleriň düýbüne girýär.
Awtonamiýa usuly. Şeýle ulgamyň kömegi bilen ösümlikleri bir hepde gözegçiliksiz galdyryp bolýar. Damjalaýyn suwaryş goşmaça kömek etmezden edilýär. Esasy zat ulgamda suwuň bolmagydyr.Damjalaýyn suwaryşda toprak gatylaşmaýar we ýarylmaýar. Galyberse-de, çyglyk diňe ösümligiň köküne düşýär.Çyglylyk ösümlikleriň toprak bölegine girmeýär. Ol ýapraklarda poslama, çüýreme we kömelek keselleriniň döremek howpuny aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär. Suwaryş wagtynda aýaklaryňyzyň aşagynda suwlanmaýar.
Isleseňiz, öz eliňiz bilen plastik çüýşelerden damjalaýyn suwaryp bilersiňiz. Bu has gymmat ulgamlara ajaýyp alternatiwadyr. Hemme zat gaty çalt we ýönekeý ýerine ýetirilýär. Gerekli mukdarda sarp edilýän materiallaryň bolmagy we diňe birnäçe sagat boş wagt ýeterlikdir.Çüýşelerden öz eliňiz bilen damjalaýyn suwarmak üçin size zerur zatlar.Çüýşeler plastmassa. Damjalaýyn suwaryş öndürmek üçin 1-den 2 litr göwrümli gaplar amatly. Ulgam gyrymsy agaçlaryň ýa-da ýaş agaçlaryň aşagynda guruljak bolsa, 5 litrlik çüýşeler ulanylyp bilner.Şeýlelik bilen, öz eliňiz bilen damjalaýyn suwarmagy nädip etmeli. Ilki bilen suw tutjak iki agajyň arasyna 25 sm edip çukur gazmaly, we onuň düýbüni tekizlemeli. Plasmas önümiň iki gapdalyny düýbünden 1,5-2 sm ýokarda, diametri 1,5 mm bolan deşijekleri ýasamaly.Soňra içini suwdan doldurmaly we gapagyny ýapmaly. Soňra bolsa deşijekler agaja garşylyklaýyn ýerleşer ýaly ýerleşdirmeli.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby