ABŞ-nyň “InventWood” kompaniýasynyň alymlary adaty agaçlary gaýtadan işlediler. Netijede polatdan 10 esse güýçli we 6 esse ýeňil täze super agaç döretdiler. Şeýle hem kompaniýa önümiň täjirçilik önümçiligine başlady.
Super agaç döretmek pikiri Yel uniwersitetiniň professory Lyanbin Hu tarapyndan öňe sürüldi. Ilki bilen agaçlary aç-açan etmek üçin işledi, soň bolsa esasy maksady agajy polatdan has güýçli etmekdi.
Tejribäniň geçirilmegi
Täze tehnologiýada agaç ilki himiki erginde gaýnadylýar, soňra gyzgyn gysyjy enjamda gysylýar. Netijede, agaç öýjükleri has dykyz bolýar we adaty metallardan has güýçli material bolýar. “InventWood” -yň başlygy Aleks Lauganyň pikiriçe, bu agaç binalary has ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berýär – bu ýer titremesine çydamly desgalaryň we gurluşyk çykdajylarynyň arzan bolmagyny aňladýar.
Agajuň mümkinçilikleri
Super agaç häzirki wagtda adaty agaçdan has gymmat, ýöne polat öndürmek bilen deňeşdirilende bu usul uglerod zyňyndylaryny 90 göterim az öndürýär. Kompaniýanyň esasy maksady, bu materialy geljekde polat bilen bäsleşip biljek derejä çykarmak. Ilkibaşda super agaç fasadlar we pollar üçin ulanylmaga niýetlenendir. Soň bolsa içerki diwarlar, mebeller we hatda ähli gurluşyk desgalary üçin ulanylyp bilner.
Altybaýew Möwlamberdi
Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň oba hojalygynyň dolandyrylyşy we guralyşy kafedrasynyň mugallymy A.Kömekowyň talyby




