Internet ulgamynda Samsung Galaxy S26 Ultra modeliniň kamerasynyň mümkinçilikleriniň beýleki flagman enjamlaryň kameralary bilen deňeşdirilýän suratlary peýda bolmagyny dowam etdirýär.


Bu gezek bir sahnanyň mysalynda Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro hem-de Oppo Find X9 Pro modelleri deňeşdirilýär.
Ondan ozal bolsa, täze flagman smartfony bolan Samsung Galaxy S26 Ultra modeliniň kamerasyny foto ugruna gönükdirilen flagman — Oppo Find X9 Pro bilen deňeşdiripdiler.


Ice Universe Samsung Galaxy S26 Ultra bilen Samsung Galaxy S25 Ultra modellerinde 24 MP-lik Expert RAW režiminiň arasynda göze ilýän tapawutlaryň bardygyny habar berdi. Onuň sözlerine görä, aýratyn-da portret düşürilende, suratlary gaýtadan işlemek algoritmleri täzeden işlenip düzülipdir.


Ice Universe ilkinji bolup şaglawuk ekranly smartfonlar baradaky täze tendensiýa, iPhone X kysymly enjam, iPhone 14 modeliniň täze dizaýny we Samsung tarapyndan işlenip taýýarlanan 200 megapiksel şekil datçigi barada takyk maglumatlary habar berdi. Täze önümler baradaky aýratyn maglumatlar oňa Günorta Koreýanyň bu ägirt kompaniýasynyň ylmy-barlag we ösüş bölüminiň çeşmeleri tarapyndan ýetirilýär.



