Android ekoulgamynyň çäginde Google kompaniýasy smartfonlaryň we beýleki ykjam enjamlaryň minimal funksionallygyny üpjün edýän esasy goýunlar toplumyny hödürleýär. Emma enjam öndürijiler köplenç olara öz alternatiwalaryny goşýarlar. Samsung kompaniýasy şu ýylyň iýul aýyna çenli habarlaşmak üçin niýetlenen hususy goýumyny goldamagyny bes etjekdigini tassyklady. Mundan beýläk Samsung smartfonlarynda wezipeleri standart boýunça ýerine ýetirmek üçin Google Messages ulanylar.
ABŞ-daky Samsung goýumynyň ulanyjylary üçin bu, Google-yň olara RCS formatyndaky hatlary ibermek we kabul etmek mümkinçiligini hödürlejekdigini aňladýar. Bu format diňe bir ýokary hilli media faýllary ibermäge däl, eýsem köp adamly çatlarda gatnaşmaga, şeýle-de operasion ulgamyna garamazdan, söhbetdeşiň hat ýazýandygyny real wagt düzgüninde görmäge mümkinçilik berýär. Google platformasyna geçmek Samsung smartfonlarynyň ulanyjylaryna, mysal üçin, çata iberilýän suratlary üýtgetmäge mümkinçilik berýän Gemini emeli aň kömekçisi bilen utgaşykly işlemäge ýol açar. Mundan başga-da, smartfon, planşet we akylly sagatlaryň arasynda çatlara geçmek has-da ýeňilleşer.
Samsung birnäçe ýyl ozal hatlar (SMS) bilen işlemek üçin niýetlenen öz ýörite programmasyny ösdürmegi bes etmek kararyna geldi. Köp sanly smartfon modellerinde bu programma eýýäm uzak wagtdan bäri öňünden gurulmaýar we onuň ýerine Google-yň programmasy ulanylýar. Häzirki wagtda Samsung-yň öz programmasyny Galaxy Store arkaly henizem ýükläp bolýar, emma ýakyn wagtda ulanyjylar onuň goldawynyň we täzelenmeleriniň bes ediljekdigi barada bildiriş alarlar.



