Şeýlelikde, 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Hytaýyň TCL korporasiýasy dünýäniň telewizor bazarynyň 16%-ine eýe boldy. Samsung-yň paýy bolsa 13%-e deň.
Häzirki wagtda dünýäniň iň iri telewizor brendleriniň bazardaky paýy:
- TCL (Hytaý) — 16%;
- Samsung (Günorta Koreýa) — 13%;
- Hisense (Hytaý) — 12%;
- LG (Günorta Koreýa) — 8%;
- Walmart (ABŞ/Hytaý) — 5%;
- beýleki brendler — 47%.
TCL eýýäm birnäçe aý bäri depginini artdyryp gelýär. Ýylyň ahyryndaky satuwlaryň birden ýokarlanmagy bolsa, oňa dekabrda Samsung-dan öňe geçmäge mümkinçilik berdi. Bu diňe bir aýyň görkezijisi bolsa-da, TCL-iň önümleri ýyllyk hasabatda hem durnukly ösýär, Samsung-yňky bolsa şol bir derejede galýar.
«Eger TCL Sony bilen dörän bileleşigiň saýasynda premium-segmentde öz ornuny kem-kemden berkidip bilse, onda Samsung-a garşy has güýçli bäsdeşlik görkezip biler» diýip, Counterpoint Research kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Bob O’Braýen belleýär.
Bilermenler bu ýagdaýy Samsung we LG kompaniýalarynyň soňky ýyllarda has gymmat bolan OLED telewizorlaryna köp üns berip, OLED we beýleki suwuk kristally (LCD) modelleriň paýyny kem-kemden azaltmagy bilen düşündirýärler. Şol sebäpli bazarda elýeterli LCD telewizorlara bolan isleg artdy. Bu islegi bolsa hem býujet, hem lýuks modelleri öndürmäge döwtalap hytaýly brendler kanagatlandyryp bilýärler. Hut şu ýagdaý hem olara, şol sanda TCL we Hisense kompaniýalaryna dünýä boýunça has köp telewizor satmaga we önüm ibermek möçberini artdyrmaga amatly ýol açdy.



