Sogan örän hasylly, özüne düşýän gymmaty arzan önüm hökmünde bellidir. Hut şoňa görä-de, ol arzan ulaglarda daşalmasa, ýol harajadynyň harydyň öz bahasyndan gymmat düşýän wagtlary-da bolýar. Bir artykmaçlygy — ol «ýetmeziniň» üstüni derrew ýapýar, sebäbi hasyly howa şertlerine durnukly bolup, aňsat-aňsat zaýalanmaýar. Hasyly goňşy ýurtlara we sebitiň beýleki golaý döwletlerine satmakda amatly mümkinçiligiň bolmagy hem ýurdumyzda sogan önümçiliginiň bähbitli taraplarynyň ýene-de biridir.
Ýaz we tomus aýlarynda idegi ýeten soganyň gabygy, sortuna baglylykda, 2-3, hatda 4-5 gat bolýar. Ol uzak wagt saklamak üçin amatly we gyşda iýmek üçin hem ýaramlydyr. Ýene bir bähbit: güýz soganlary günortada Pakistan, Hindistan, Şri-Lanka, Bangladeş ýaly, musson ýagyşlaryndan soň, sogana zerurlygy bolan ýurtlara eksport etmek üçin uly mümkinçilikdir, ýöne şunda ol ýurtlarda gyzyl sogana islegiň uludygyny hem unutmaly däl. Mahlasy, soganyň ýazky hasylyny demirgazyk ýurtlara, güýzküsini günorta we Okeaniýa ýurtlaryna eksport etmekde ýurdumyzda diýseň amatly mümkinçilikler bar.
Adamzada mälim bolan iň gadymy gök önümlerden biri bolan sogan, dünýä medeniýetleriniň umumy mukdaryny öz içine alýan köp sanly reseptlerde we taýýarlyklarda bolýar.Elmydama gündelik naharlarymyzda ýüze çykýar.Suwsyzlandyrylan sogan, iň meşhur görnüşlerden biridir.
Suwsyzlandyrylan ak sogan, dürli maksat bilen ulanylýar we ýakymly tagam we hoşboý ys bilen baýlaşdyrylýar.Natriý, ýag we kaloriýa az, beýleki ysly zatlaryň ýerine suwsuz soganlary iýmek ýürek keseli, süýji keseli we ýokary gan basyşy howpuny peseldip biler.Suwsyzlandyrylan sogan, kalsiý, kaliý we magniý ýaly köp peýdaly iýmitleri öz içine alýar.
Ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Mäne-Çäçe düzlüginde, şeýle-de Mary welaýatynyň Hanhowuz ýaýlasynyň düzlüginde gyzyl sogany ösdürip ýetişdirýän ussat daýhanlar bar. Ak sogany ekmekde daşoguzly daýhanlar uly ussatlyk görkezýärler. Sary sogany ýetişdirmekde Has takygy, türkmen topragynda bir gektar sogandan ortaça 50 — 55 tonna hasyl almak bolýar. Şunda daýhançylyga ýaňy başlan ýer eýesiniň bir gektar ýerden 30 tonna, bu ugurda ussat kärendeçiniň 50 — 55, baý tejribe toplap, kämillige ýeten daýhanyň bolsa 70 — 80 tonna hasyl alýandygyny göz öňünde tutsak, bu bize ýurt boýunça her gektardan ortaça 50 — 55 tonna sogan öndürip bolar diýmäge esas berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilýän mümkinçiliklerden, ýer eýelerine berilýän ýeňilliklerden we döwlet goldawyndan ruhlanýan zähmetsöýer daýhanlarymyzyň bu wezipelere abraý bilen hötde geljekdigi ikuçsuzdyr.
Serdar Arbapow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak we abatlamak kafedrasynyň mugallymy