Sony, Honda Mobility bilelikdäki kärhanasy tarapyndan işlenip taýýarlanan Afeela 1 elektrik sedanynyň önümçiligi ABŞ-nyň Ogaýo ştatynda ýola goýuldy. Bu barada CES 2026 sergisiniň öňüsyrasynda habar berildi.
Afeela 1-niň eltilip berilmegi 2026-njy ýylyň ahyrynda Kaliforniýada, 2027-nji ýylda bolsa Arizonada we Ýaponiýada başlar. Şol bir wagtyň özünde Sony Honda Mobility elektromobiliň krossower görnüşini hem tanyşdyrdy.
«Dürli tehnologiýalary birleşdirip, düýbünden täze hereketlilik tejribesini döretmäge gönükdirilen çemeleşmämiz diňe bir model bilen çäklenmeýär», — diýip, Sony Honda Mobility-niň baş direktory Ýasuhide Mizuno belledi.
Sony ilkinji gezek öz elektrik awtoulagy Vision-S-i 2020-nji ýylda CES sergisinde hödürläpdi, ol Magna kompaniýasynyň gatnaşmagynda işlenip taýýarlanyldy. 2022-nji ýylda Sony bilen Honda bilelikdäki kärhanany döretjekdiklerini yglan etdiler, emma Magna bilen şertnama baglaşylmady.



