Häzirki döwürde dünýäniň köp ýurtlarynda oba hojalygynyň ösüşi innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna gönükdirilýär. Şol ugurlaryň biri-de süýt we et öndürýän fermalarda dolandyryşyň döwrebap usullarynyň peýdalanylmagydyr. Innowasion dolandyryş ulgamlary önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, iş wagtyny tygşytlamaga, çykdajylary azaltmaga we mallaryň saglyk ýagdaýyna takyk gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Fermalarda sanly dolandyryş ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy esasan üç ugurda peýdalydyr: önümçiligiň awtomatlaşdyrylmagy, maglumatlaryň elektron görnüşde saklanylmagy we analitik çözgütleriň ulanylmagy. Awtomatlaşdyrylan sagym enjamlary, iýmit paýlaýjy robotlar, temperaturany, ýagtylygy hem-de howa çalşygy gözegçilikde saklaýan sensor ulgamlary häzirki wagtda köp ýurtlaryň iri maldarçylyk hojalyklarynda üstünlikli ulanylýar. Şeýle tehnologiýalar süýdiň hilini gowulandyrmaga, mallaryň stres derejesini azaltmaga we işgärleriň zähmetini ýeňilleşdirmäge ýardam edýär.
Mundan başga-da, elektron maglumat ulgamlarynyň kömegi bilen her bir mallaryň ýagdaýy aýratynlykda gözegçilikde saklanylýar. Her bir sygyra degişli maglumat — ýaşyna, iýmitlenişine, süýt öndürijiligine, saglyk ýagdaýyna we tohum aýratynlygyna degişli maglumatlar ýörite programma üpjünçiliginde ýerleşdirilýär. Şeýle sanly maglumat bazasy dolandyryşy has ykjam edýär we ylmy esasda çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik döredýär.
Innowasion dolandyryş ulgamlary diňe bir önümçiligiň derejesini ýokarlandyrman, eýsem fermanyň umumy ykdysady bähbitliligini hem artdyrýar. Programmalar arkaly çykdajylar has takyk hasaplanýar, iýmit we suw sarp edilişi gözegçilikde saklanylýar, netijede resurslar tygşytly ulanylýar. Şeýlelikde, oba hojalygynda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge şert döredilýär.
Türkmenistanda hem oba hojalygy pudagynda sanly ulgamlaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen süýt we et önümçiliginiň hilini ýokarlandyrmak, ýerli bazary ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek mümkinçilikleri giňelýär. Innowasion dolandyryş ulgamlarynyň netijesinde ýurdumyzda maldarçylygyň geljegi has durnukly, ylym bilen utgaşdyrylan hem-de ykdysady taýdan bähbitli ugurda ösýär.
Bahtiýar Jumadurdyýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 5-nji ýyl talyby




