Oba hojalygy elmydama tebigata baglydy, ýöne tehnologiýanyň ösmegi bilen daýhanlar hasyllylygy dolandyrmak we çykdajylary azaltmak üçin döwrebap we täze gurallara daýanýarlar. Takyk ekerançylyk, oba hojalygyny gowulandyrmak üçin maglumatlary we tehnologiýalary ulanýan häzirki zaman ulgamydyr.
Takyk oba hojalygy näme?
Takyk oba hojalygy topragyň, ösümlikleriň we daşky gurşawyň ýagdaýy baradaky maglumatlary ýygnamaga we seljermäge esaslanýan oba hojalygyny dolandyrmak ulgamydyr. Bu maglumatlar bilen daýhanlar ekinlerini haçan, nirede we näçe dökünlemek, suwlamak we bejermek barada kararlary berip bilerler.
GPS oba hojalygyna nähili kömek edýär?
GPS (Global Positioning System) Türkmen dilinde: Global ýerleşiş ulgamy daýhanlara enjamlary we ekin meýdanlaryny takyk tapmaga mümkinçilik berýär.
- GPS traktorlara we kombaýnlara optimal traýektoriýalar boýunça hereket etmäne, we ýangyjyň sarp edilişini we iş wagtyny azaltmana mümkinçilik berýär.
- Takyk ýerini bilmek dökünleri we pestisidleri gerekli mukdarda we gerek ýerlerde ulanmaga mümkinçilik berýär.
- GPS topragyň görnüşi, ekin hasyly we beýleki parametrler barada maglumat karta kartalaryny döretmäge mümkinçilik berýär.
Oba hojalygynda uçarmansyz uçarlar
Uçarmansyz uçarlar, meýdanlaryň şekillerini howadan düşürip bilýän uçýan kiçijek howa gämileridir. Olar ekilere nirede zeper ýetirilendigini, keselleriň ýa-da zyýan berijileriň bardygyny görkezýän şekilleri alýarlar. Uçarmansyz uçarlar ösümlikleriň beýikligini we dykyzlygyny ölçäp bilýärler. Bu bolsa bir meýdanyň dürli ýerlerinde hasyllylygy çaklamaga mümkinçilik berýär. Dronlar bolsa topragyň çyglylygyny bahalandyrmak we suwaryşy gözegçilikde saklamak üçin ulanylyp biliner.
Oba hojalygyndaky datçikler
Datçikler ekinleriňizi topragyň çyglylygyna görä haçan we näçeräk suwarmalydygyny kesgitlemäge kömek edýär. Temperatura datçikleri teplisalarda we meýdanlarda mikroklimata gözegçilik etmäge kömek edýär.
Takyk ekerançylygyň peýdalary
Takyk ekerançylyk has ýokary hilli önüm öndürmäge we daşky gurşawa ýaramaz täsirleri azaltmaga kömek edýär. Ol oba hojalyk serişdelerini ulanmagy optimizirlemäge we hasyllylygy ýokarlandyrmaga we dökünleriň we pestisidleriň ulanylmagyny optimizirlemek giriş çykdajylaryňyzy azaltmaga mümkinçilik berýär.
Söhbet Setdarow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby
TKA-nyň talyp hakynyň eýesi