Ýaňy-ýakynda modully smartfon konsepsiýasyny görkezen Tecno kompaniýasy, indi öz enjamlaryna OpenClaw freýmworkyny (binýadyny) ornaşdyrmagyň üstünde işleýär. Munuň esasynda brendiň enjamlaryny ulanyjylar öz gündelik adaty işlerini ýerine ýetirmek üçin emeli aň agentlerini döredip bilerler.
Tecno kompaniýasy OpenClaw-y özüniň şahsy Ella sesli kömekçisi bilen birleşdirmekçi bolýar. Munuň netijesinde EllaClaw peýda bolar — bu OpenClaw mümkinçiliklerine eýe bolan we agentleri sazlamak işini ýeňilleşdirýän emeli aň (EA) kömekçisidir. Şeýle utgaşdyrma OpenClaw-yň Ella-nyň içinde işlemegini göz öňünde tutýar, munuň saýasynda ulanyjylaryň enjamlaryna düşýän agramyň ep-esli artmagynyň öňüni alyp bolar.
Smartfonlardaky OpenClaw dürli ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin üç sany rugsat beriş derejesine eýe bolar. Esasy derejede freýmworky wakalary meýilleşdirmek we faýllary arkaky tertipde (background) dolandyrmak ýaly işleri awtomatlaşdyrmak üçin ulanyp bolar. Bu ýakyn wagtda tanyşdyrylan Google Gemini neýroulgamynyň esasyndaky agentleriň işine meňzeşdir. Has ösen derejede Ella “Galereýa”, “Senenama”, SMS habarlary ýaly dürli ulgamlaýyn programmalardan we hyzmatlardan maglumat alyp biler. Muňa goşmaça hökmünde, EA kömekçisi maglumatlary programmalaryň arasynda geçirip biler. Bu funksiýa takmynan Pixel 10 smartfonlaryndaky Magic Cue ýa-da Samsung-yň ýaňy-ýakynda tanyşdyran Now Nudge funksiýasy ýaly işlemelidir.
Bulardan başga-da, Tecno ulanyjynyň endiklerini we isleglerini öwrenmek üçin OpenClaw-y ulanmagy ähtimal görýär. Munuň saýasynda, ulanyş döwründe EA kömekçisiniň berýän jogaplary kämilleşer we awtomatlaşdyrylan işleriň paýy artar. Häzirki wagtda EA kömekçisiniň doly enjamyň içinde işlejekdigi ýa-da smartfonlara düşýän agramy azaltmak üçin maglumatlaryň bir böleginiň uzakdaky serwerlerde işlenjekdigi näbelli bolup galýar.
Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, EllaClaw-a giriş bu prosese goşulmak isleýän ulanyjylaryň islegi boýunça beta-synagynyň çäklerinde berler. Beta-synagynyň anyk başlanjak möhletleri mälim edilmedi.



