Tesla kompaniýasy Terafab taslamasynyň işe girizilendigini yglan etdi — bu täze nesil ýarymgeçiriji önümçiligini döretmäge gönükdirilen giň gerimli başlangyçdyr. Bu kompaniýanyň soňky ýyllarda amala aşyran iň uly we iň batyrgaý ädimleriniň biridir. Şeýle ädim Teslany awtoulag bazaryndan has giň ugurlara çykaryp biler hem-de Ilon Mask-a öz kompaniýalarynyň hyzmatdaşlaryň önümlerine garaşlylygyny azaltmaga kömek eder.
Terafab näme?
Terafab doly aýlawly (siklli) zawod hökmünde meýilleşdirildi, ýagny çipleriň döredilmeginiň ähli tapgyrlaryny — taslamalaşdyrmakdan başlap, synagdan geçirmek we gaplamak işlerine çenli — bir ýerde birleşdirýär.
Adaty modelden tapawutlylykda, bu ýerde işläp taýýarlamak we önümçilik dürli kompaniýalaryň arasynda bölünmeýär. Tesla bolsa dikligine integrirlenen ulgamy döretmäge çalyşýar. Şeýle ulgam ýöriteleşdirilen emeli aň (AI) prosessorlaryny öndürmäge, arhitekturany anyk maksatlar üçin (awtopilot, robotlar, maglumat merkezleri) optimizirlemäge hem-de täze çipleriň işlenip taýýarlanylmagy bilen olaryň ornaşdyrylmagynyň arasyndaky wagty ep-esli azaltmaga mümkinçilik berer.
Aslynda, gürrüň Teslanyň öz ekosistemasynyň üstünliklerini gaýtalamak synanyşygy barada gidýär — emma bu gezek ýarymgeçirijiler dünýäsinde.
Bu taslama kosmosda gün panellerini her ýyl giň gerimde ýerleşdirmek maksatlaryna ýetmäge kömek eder. Şol paneller maglumat merkezleri ýerleşdirilen hemralary energiýa bilen üpjün eder, bu bolsa öz gezeginde SpaceX we xAI kompaniýalarynyň emeli aň infrastrukturasyny giňelder (ýakynda olar bir gurluşa birleşdirildi).
Bu kompaniýa näme üçin gerek?
Taslamanyň esasy hereketlendiriji güýji — Teslanyň hasaplama kuwwatlyklaryna bolan garaşlylygynyň yzygiderli artmagydyr.
Şu günki günde kompaniýa örän köp mukdarda çipleri talap edýän birnäçe ugry bir wagtyň özünde işjeň ösdürýär:
Awtonom dolandyryş (Full Self-Driving);
Optimus gumanid roboty;
Maglumat merkezlerinde neýroulgamlary okatmak;
Millionlarça awtomobilden gelýän wideo-maglumatlary gaýtadan işlemek.
Şol bir wagtyň özünde, ýarymgeçirijiler bazary aşa ýüklenen ýagdaýynda galýar. TSMC we Samsung Electronics ýaly iň iri öndürijiler bolsa öz kuwwatlyklaryny onlarça müşderiniň arasynda paýlaýarlar we bu kuwwatlar hemme kişä ýetmeýär.
Gerim we tehnologiýa çylşyrymlylygy
Deslapky çaklamalara görä, taslamanyň bahasy onlap milliard dollara ýetip biler, bu bolsa ony pudagyň iň iri fabrikleri bilen bir hatarda goýýar.
Terafab aşakdakylary öz içine alar:
Çip öndürýän liniýalar;
Öňdebaryjy gaplama tehnologiýalary (advanced packaging);
Sowadyş we energiýa sarp ediş boýunça hususy çözgütler;
Tesla-nyň maglumat merkezleri bilen integrasiýa.
Taslama boýunça Terafab ýylda jemi kuwwaty 1 terawatt bolan çipleri öndürmegi meýilleşdirýär.
Terafab — bu Teslanyň geljegiň emeli aň (AI) ykdysadyýeti üçin infrastruktura gurmak ugrundaky strategik synanyşygydyr. Eger taslama garaşylýan netijeleri berse, ol pudakdaky güýçleriň deňagramlylygyny üýtgedip biler we Teslany ýarymgeçirijiler bazarynyň esasy oýunçylarynyň birine öwürer. Emma häzirlikçe bu örän gymmat bahaly we töwekgelçiligi ýokary bolan bir ädimdir.



