Federal antimonopoliýa gullugy (FAS) mart aýynyň başynda Telegram-da mahabat ýerleşdirilmeginiň bikanundygyny, sebäbi hyzmata elýeterliligiň çäklendirilýändigini yglan etdi. Şol bir wagtda, edara 2026-njy ýylyň ahyryna çenli geçiş döwrüni belledi; bu döwürde guramalar we blogerler Telegram we YouTube platformalarynda mahabat ýerleşdirendikleri üçin jogapkärçilige çekilmezler. Bu barada «Wedomosti» neşiri FAS-yň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.
«Hojalyk ýörediji subýektleriň täze kadalara uýgunlaşmagy we beýleki mahabat kanallaryna ugrukmagy üçin wagtyň gerekdigi aýdyňdyr. Şol sebäpli, Telegram we YouTube platformalaryndaky mahabatlara görä 2026-njy ýylyň ahyryna çenli geçiş döwri zerurdyr; bu möhletde şeýle resurslarda mahabat ýaýradylandygy üçin jogapkärçilik çäreleri ulanylmaz», — diýlip FAS-yň beýanatynda bellenilýär.
Edara bu möhleti uzaltmagyň diňe ýokarda görkezilen hyzmatlara degişlidigini we ozal çäklendirme girizilen platformalara — Instagram we Facebook-a, şeýle hem VPN hyzmatlaryna degişli däldigini takyklaşdyrdy.
Regulýator (kadalaşdyryjy edara) Telegram-da we YouTube-da mahabat ýerleşdirilmeginiň bikanundygyny yglan edenden soň, iri mahabat toparlary mahabat kampaniýalaryny wagtlaýyn duruzyp başladylar, emma köpler entek häkimiýetleriň resmi düşündirişine garaşmagy makul bildiler.
Şuňa görä-de, FAS YouTube, Telegram we WhatsApp ýaly resurslarda mahabat ýerleşdirmegiň gadagandygynyň, eger «Roskomnadzor» olara elýeterliligi çäklendirmek boýunça çäre görse, güýje girjekdigini takyklaşdyrdy. Şunda düzgün bozma üçin jogapkärçilik hem mahabat berijä, hem-de mahabat ýaýradyja degişli bolar.



