IşewürlikMedeniýet

Medeni hyzmatlary toýlarda amala aşyrýan şahslar döwlet tarapyndan bellige alynmaly!

Ýurdumyzda toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet  tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda Düzgünnama tasssyklandy we şol Düzgünnama bilen Toý dabaralarynda artistleriň hyzmatlarynyň hukuk ýagdaýy kesgitlendi. Düzgünnamanyň esasy maksady toýlarda ýokary hilli medeni hyzmatlaryň edilmegi üçin bu hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünlleşdirmek we toýlarda medeni hyzmatlary amala aşyrýan şahslaryň döwlet tarapyndan  hasaba alynmagyny guramak bolup durýar.

Şoňa laýyklykda, sazandalar, aýdymçylar we saz goýberijiler (disk  žokeýler), tansçylar, medeni çäreleriň  alyp baryjylary, sahna oýunlaryny ýerine ýetirýänler, sirklerde köpçüligi güýmeýän, oýunlary oýnaýan we aýry-aýry sirk oýunlaryny görkezýän  masgarabazlar, gözbagçylar, akrobatlar we beýleki artistler döwlet tarapyndan bellige alynmaly.

Kimler döwlet tarapyndan bellige alynmaly?

  • Eger-de toýlarda medeni hyzmatlary amala aşyrýan artistler şeýle hyzmatlary özleriniň adyndan  amala aşyrýan bolsa, onda olar döwlet tarapyndan bellige alynmalydyr. Emma, artistler bu hyzmatlary özleriniň adyndan däl-de, ýuridik şahsyň adyndan amala aşyrýan bolsa onda şol artistler döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişli däldir.   Şonda, bu hyzmatlary amala aşyrýan ýuridik şahslaryň bellige alynmagy hökmanydyr.

Bellige nirede alynýar?

  • Bellige alynmak  ýuridiki we fiziki şahsyň arzasy esasynda amala aşyrylýar. Arzalar ýuridik  şahslaryň hukuk salgysy boýunça, fiziki şahsyň bolsa,  ýaşaýan ýeri  boýunça ýazga alnan ýa-da bolýan ýeri boýunça  bellige alnan ýeri boýunça  degişlilikde welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň  häkimlikleriniň “Bagt köşgi” toý dabaralar  merkezinde amala aşyrylýar.
Habary paýlaşyň: