Toyota Motor Group 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini awtoulag önümçiliginde we eksport amallarynda ýokary ösüş gazanmak bilen tamamlady. Kompaniýa şu ýylyň aprel –sentýabr aýlary aralygynda jemi 5,64 million awtoulag satdy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende +5% ýokarydyr. Awtoulagyň öndüriliş möçberi bolsa 5,59 million, ýagny +5,7% boldy. Bu barada 32cars.ru portaly habar berýär.
Esasy ösüş Demirgazyk Amerika we Hytaý bazarlarynda hasaba alnyp, ol ýerde gibrid modellerine hem-de täze Grand Highlander we TX krossowerlerine isleg ýokary boldy. Toyota Lexus markasy bilen bilelikde jemi 5,27 million awtoulag satdy. Şolardan 4,55 milliony eksport edildi.
Ýaponiýadan eksport soňky iki ýylda ilkinji gezek ösüş görkezdi. Dokuz aýda 1,001 million ýagny,+9% awtoulag daşary ýurtlara iberildi, diňe sentýabrda bu görkeziji 194,6 müň ýagny,+27,9% boldy. Toparyň umumy eksporty, Hino we Daihatsu markalaryny hem goşmak bilen, 1,023 million, ýagny +8,2% awtoulagy düzdi. Hino ýük ulaglaryna islegiň peselmegi sebäpli eksporty azaldýar, Daihatsu bolsa ilki bilen içerki bazara we Aziýadaky ýerli önümçilige üns berýär. Toparyň önümçiligi 5,59 million awtoulag derejesine ýetdi. Şolaryň 3,59 milliony, ýagny +5,5% Ýaponiýanyň daşynda öndürildi, 2 milliony, ýagny +6,1% bolsa Ýaponiýada öndürildi . Şu ýylyň entýabrynda Toyota 918 müň, ýagny +11,1% Lexus awtoulagyny öndürip, rekord goýdy, onuň 616,5 müňüsi, ýagny +7,2% Ýaponiýanyň daşynda öndürildi
2025-nji ýylyň aprel–sentýabry arasynda daşary ýurt bazarlaryndaky satuwlar 5,0% artyp, 4,65 million awtoulag boldy. Ýaponiýadaky satuwlar 988 müň, ýagny +5,3% bolup, içerki bazary durnukly ösüş görkezýär Demirgazyk Amerikada ösüş +10,5%, Hytaýda +5,5%, Hindistanda +14,2% boldy. Ýewropa hem, Fransiýa we Italiýada islegiň pesligine garamazdan, umumy görkezijini +3,7%-de saklaýar.
Bilermenleriň çaklamasyna görä, ýylyň ahyryna çenli toparyň satuwy 8,3 million awtoulagdan geçer, önümçilik welin 8,34 million derejesine ýetip biler. Munuň baş sebäbi gibrid modellere hem-de täze bZ elektrik seriýalaryna bolan ýokary islegdir.



