«Türkmenawtoulaglary» agentligi logistika boýunça, şeýle-de maglumat tehnologiýalary boýunça hünärmenleri işe çagyrýar. Bu barada agentligiň resmi web-saýtynda habar berilýär.
Boş iş orunlaryna dalaşgärler degişli ugurlardan ýokary bilimi bolan raýatlaryň arasyndan saýlanar. Mundan başga-da, işe kabul ediljek dalaşgäriň iki ýyl iş tejribesiniň bolmagy hem zerurdyr.
Türkmenistanyň Merkezi banky nebitgaz pudagyny ösdürmek üçin karz serişdelerini bölüp berer
Habarda bellenilişi ýaly, dalaşgärler söhbetdeşlikleriň netijesinde saýlanyp alynjakdyr.
Gyzyklanma bildirýän dalaşgärler özleriniň maglumatlaryny info@awotulag.gov.tm elektron poçtasyna iberip, ýa-da Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 126-njy jaýynda ýerleşýän «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň edarasyna getirip bilerler.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 39-03-21; +(993 12) 39-03-09.
Habar Turkmenportal.com web saytynda paylaşyldy.