Weather Data Source: wetterlabs.de
Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki 36 desga satuwa çykarylýar

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki 36 desga satuwa çykarylýar

Döwlet eýeçiligindäki desgany hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwdalar 12-nji oktýabrda sanly platformanyň üsti bilen geçiriler.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki 36 sany desgany hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwdalary yglan etdi.

“Türkmenistan” gazetiniň anna güni habar berşine görä, döwlet eýeçiligindäki desgany hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwdalar 12-nji oktýabrda sanly platformanyň, ýagny www.е.fineconomic.gov.tm saýtynyň we bu platformanyň mobil goşundysynyň üsti bilen geçiriler.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Daşoguz, Lebap we Mary welaýat häkimlikleriniň desgalary satuwa çykarylar.

Bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga milli kanunçylykda bellenilen tertipde öz wagtynda ýüztutma beren, öňünden ýörite tölegleri tölän hem-de bäsleşikli söwdalara gatnaşmak üçin hasaba alnan Türkmenistanyň we daşary döwletleriň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk edara görnüşli taraplary çagyrylýar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň saýtynda ýerleşdirilen “Auksionlar we tenderler” goşundysy we “Auksionlar” mobil goşundysy elektron söwdalaryň geçirilýän ýeriniň platformasydyr. Bäsleşige gatnaşyjylar elektron auksion platformasyna mobil goşundysynyň ýa-da sanly web-portalyň üsti bilen gatnaşyp bilerler.

«Türkmenawtoulaglary» agentligi boş iş orunlaryny yglan etdi

Ýüztutmalary kabul etmek we gatnaşjaklary hasaba almak Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bäsleşikli söwdalar hakynda yglan edilen maglumat çap edilen günden başlanýar we onuň geçirilmegine 24 sagat galanda tamamlanýar. Gatnaşyjylary hasaba almak bäsleşikli söwdalaryň geçiriljek güni sagat 9:00-da başlaýar. Hasaba alnan gatnaşyjylar 0718 telefon belgisi arkaly sms hatynyň üsti bilen bäsleşikli söwdalaryň başlanandygy barada ýatladylar.

Bäsleşikli söwdalara gatnaşmagyň tertibi hakynda maslahatlary hem-de hususylaşdyryljak desgalar baradaky goşmaça maglumatlary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölüminde hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň maliýe we ykdysadyýet müdirlikleriniň ugurdaş bölümlerinden alyp bolar.

Auksiona gatnaşyjylaryň hemmesine öňünden hususylaşdyryljak emläk baradaky maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik berilýär. Döwlet eýeçiligindäki emläkleriň satuwy ähli borçnamalar bilen amala aşyrylýar.

Çeşme: business.com.tm

Habary paýlaşyň:

Добавить комментарий