Terbaş sorty — (ýyrtyk ýaprak)
Köp ýaýran ýerli sortdyr. Awgust aýynyň 2-nji ongünlüginde bişýär. Pyntyklap başlan döwründen miweleriniň bişmegine çenli 130-150 gün talap edýär. Ýapragynyň kertikligi uly, bäş penjeli, tüýjagazlary ýok we güli iki jynsly.Salkymlary ortaça ululykda (uzynlygy 14-18 sm), ýokarsy gaba ýa-da tilisgeleri has giň konus şekilli, salkymlary seýrek ýa-da orta dykyzlykdadyr. Salkymyň ortaça agramy 200-250 gram. Miwesi orta ululykdadyr. (100 miwäniň agramy 250 gr), şekili togalak ýa-da birneme süýnmegräk, agymtyl ýaşyl reňkli. Gabygy galyň we has gaty. Miwesi kibirdewük we etlek.Tagamy ýuwandan süýji. Gantlylygy 24-25g/100sm3bolup, turşulygy 4,225g/dm3-a ýetýär. Miwesinden 70%-e çenli şire alyp bolýar.Üzüm düýpleri has ösgün, şahalarynyň 85-%-e çenlisi hasyl getirýär. Salkymlarynyň miwe getirýän bir şaha ýetýäni ortaça 1,25 sanydyr.Her bir düýpden 8-10 kg ýa-da gektardan 18-20 tonna hasyl almak bolýar. Gurakçylyga çydamly we sowuga durnuklylygy ýokarydyr. Oidium keseli ýokuşýar. Terbaş sortundan ilkinji nobatda dürli hili çakyrlary esasan güýcli we desert çakyrlary taýýarlamak hem-de naharhana sorty hökmünde peýdalanylýar we serlip kişmiş edilýär.
Aşgabat gara üzümi
ýurdumyzda giň ýaýran sortdur. Sentýabr aýynyň birinji ongünlüginde bişýär. Pyntyklandan hasyly bişýänçä 150-170 gün gerek bolýar.Ýapragy bäş penjeli, kertikleri kiçiräk, ýylmanak, tüýjagazsyz orta ululykda bolan garamtyl–ýaşyl reňkli. Gülleri iki jynsly. Salkymlary ortaça ululykda (uzynlygy 14-20 sm), silindrik-konus şekilli, kämahallar tilisgeleri köp we dykyz. Salkymyň ortaça agramy 200 grama ýetýär.Miwesi orta ululykly (100 sanysynyň agramy 280 gr) bolup, şekili togalak, dykyz örtügi bolan garamtyl-ýaşyl ýa-da garamtyl gyzyl reňkli. Miwäniň daşy galyň, gaty, berk gabyjakly. Kibirdewük etlek miwesi bolup, gantlylygy 26-2825g/100sm 3, turşulygy 4, 225g/dm3-a ýetýär.
Türkmen oba hojalyk instituty 5-nji ýyl talyby Arykowa Bägül