Häzirki wagtda Türkmenistanda öndürilýän nebit önümleri daşary ýurt bazarlarynda uly gyzyklanma döredýär. Muňa mysal edip geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-synyň hasaba alynmagyny görkezmek bolar. Bu baradaky maglumatlary turkmenistan.gov.tm saýty habar berýär.
Umumy bahasy ABŞ-nyň 54 million dollaryna barabar bolan bu önümleriň esasy özenini Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we yşyklandyryş kerosinini, polipropileni, ýangyç mazudy, nebit koksy we bitumlar düzdi. Agzalyp geçilen bu önümler Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri tarapyndan satyn alyndy.
Manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 87 müň manatdan gowrak bolan derman senagatynyň dürli görnüşli önümlerini satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy ABŞ-nyň 254 müň 430 dollaryna deň bolan nah ýüplügi, şeýle hem bahasy 1 million 613 müň manatdan gowrak bolan el halylaryny we pagta süýümini satyn aldylar.