Vivo keseligine eplenýän görnüşde taýýarlanan täze X Fold6 smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Inçe korpusy bilen ünsi özüne çekýän bu model, ýokary derejeli tehniki aýratynlyklary bilen premium segmentde orun alýar.
Enjamyň ekrany hem örän täsirli çözgüt hödürleýär. Içki tarapynda Samsung tarapyndan öndürilen 8,02 dýuýmlyk 120 Gs OLED ekran ýerleşýär. Daşky tarapynda bolsa BOE kompaniýasynyň 6,51 dýuýmlyk 120 Gs OLED paneli ulanylýar. Iki ekran hem 5 000 nit iň ýokary ýagtylygy üpjün edýär.
Güýçli enjam üpjünçiligi we kamera mümkinçilikleri
Vivo X Fold6 3 nanometr tehnologiýasy esasynda öndürilen MediaTek Dimensity 9500 Super prosessory bilen işleýär. Bu ýokary öndürijilikli çipe 80 W simli we 40 W simsiz zarýad bermegi goldaýan 7 000 mA·sag sygymly batareýa ýardam berýär.

Enjamyň yzky böleginde tegelek görnüşli kamera moduly ýerleşýär we ol üç kameradan ybarat. Olar 1/1,4 dýuýmlyk Samsung HPB datçigi bilen enjamlaşdyrylan 200 megapiksellik giň burçly kamera, 1/1,95 dýuýmlyk Sony LYT602 datçigine eýe bolan 50 megapiksellik 3 esse periskop telefoto kamera hem-de 50 megapiksellik ultra giň burçly kameradyr. Şeýle hem enjamyň kamera mümkinçiliklerini 200 mm Vivo Zeiss Teleconverter G2 daşarky telefoto obýektiwi arkaly has-da giňeltmek bolýar.
Çydamlylygy we bahasy
Telefonyň içki hem-de daşky ekranlarynda 20 megapiksellik selfi kameralary ýerleşdirildi. Howpsuzlyk üçin barmak yzyny okaýan datçik enjamyň gapdal böleginde ýerleşýär.

X Fold6 IP5X, IPX8 we IPX9 gorag sertifikatlaryna eýe bolup, dürli kyn şertlerde ygtybarly ulanmaga niýetlenendir. Hytaý bazarynda dört dürli reňkde hödürlenýän modeliň başlangyç bahasy takmynan 1 175 ABŞ dollaryndan başlaýar.



