Xiaomi kompaniýasy Mobile World Congress 2026 (MWC 2026) sergisinde Xiaomi 17 Ultra Leica Edition modeliniň dünýä bazary üçin niýetlenen görnüşini Leica Leitzphone ady bilen tanyşdyrdy. IT Home neşiriniň žurnalistleri täze enjamy Barcelona şäherinde synagdan geçirip, ony göni ýaýlym görnüşde görkezdi. Enjam içerki bazar üçin niýetlenen görnüşinden arka paneliniň bezegi we brend aýratynlyklarynyň ýerleşişi boýunça tapawutlanýar.



Smartfon diňe bir görnüşde elýeterlidir — doly gara mat örtükli arka gapak bilen, hytaý wersiýasyna mahsus bolan iki reňkli bezegsiz. Leica nyşany (logotipi) indi dik ýagdaýda ýerleşdirilen, kamera modulynyň içindäki obýektiw ýazgylary hem şol ugurda ýerleşýär. Gapdal çarçuwasy şampan altyn reňkinde ýerine ýetirilen bolup, esasy zumyň çarçuwasy bilen sazlaşýar, şeýle hem gapdal ýüzünde Leica Camera Germany diýen ýazgy ýerleşdirilen.


Smartfonda 6,9 dýuým ölçegli AMOLED ekran ýerleşdirilen, onuň çözgüdi 2608 × 1200 piksel, adaptiw (uýgunlaşýan) täzeleniş ýygylygy 120 Gs we iň ýokary ýagtylygy 3500 nit. Interfeýs minimalist ak-gara stilinde bezelen, Leica-nyň özboluşly şrifti ulanylýar, kamerada bolsa taryhy M9 we M3 modellerinden ylham alan filtrleri öz içine alýan «Leica Moment» režimi elýeterlidir.


Mundan öň, Xiaomi kompaniýasynyň prezidenti Lu Weýbing Hytaýda Xiaomi 17 Ultra Leica Edition atly täze wersiýany tanyşdyrdy. Bu smartfonyň daşky görnüşi Leica Leitz Phone modelini gaýtalaýar.



