Ýorunjany ekişe taýýarlamak
Meýdanlaryň gowy tekizlenmegi ýorunjanyň kadaly gürlükde gögermeginiň girewidir. Işiň bu görnüşi melioratiw kompleksiň esasy düzüm bölegi bolup durýar. Ýerler gowy tekizlenende ýuwaş yzgar we ösüş suwlarynyň ýokary hilli tutulmagy, ekilen ýorunjanyň endigan gögerip çykmagy üpjin edilýar. Osüş suwy tutulanda topragyň endigan yzgarlanmagy gazanylýar, atyzlaryň möçberini ulanmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi bolsa ,ot ýatyryjy tehnikany ulanmak üçin gowrak şertler döredýär. Meýdany gowy tekizlemek üçin ony sürüp başlamazdan öň, uzyn bazaly tekizleýji bilen uzynlygyna we keselegine tekizlemek ýer sürülenden soň emele gelen keşleri hem gerişleri düzlemek üçin keseligine tekizlemek zerurdyr.Topragy şorlanyş derejesine baglylykda ýuwuş suwlaryň mukdary öňden suwarylyp gelinýän ýerlerde her gektarda 2000-3000, täze özleşdirilýän ýerlerde kubometr çäklerinde üýtgäp biler.Ekiş suwy kada hökmünde, hemme ýerlerde tutulmalydyr. Gyş tutulan ýuwuş suwlary bilen gowy şorsuzlandyrylandyr. Ekiş wagtyna gabatlap kadaly yzgarlylygy bolan ýerlerde ekiş suwuny tutmazdan hem ýorunja ekmek bolar. Çykan ýerlere her gektara 1500 kubmetr normada ekiş suwuny tutmak gerek. Gyşyna suwy tutulmadyk ýerlerde kadaly ýuwuşy üpjin etmek üçin zerur ekiş her gektardaky mukdaryny 3000 kubometre getirmek gerek. Ýerasty suwlaryň ýüzleý ýerinde melioratiw çärelerini geçirip, ýerasty suwlaryň ýerleşiş derejesi 1,5-2 metre çenli peseltmek gerek.
Ýorunjanyň hasyllylyk derejesi
Ýorunjanyň güýzde ekilmeginiň ýazyna ekilmegine garaňda ep-esli artykmaçlyklary bar. Güýzüne ekilen ýorunja ekilenine 1 ýyl geçen ýorunjalardan ýaz aýlary tapawutlanmaýar diýen ýalydyr. Ilkinji ýyly hasyly hem ýazyna ekileniňkiden ýoakry bolýar, mundan başgada ýazyna beýleri ekinleri ekmäge taýýarlyk görmeli bolýarka ýorunja ekmek üçin güýç we wagt sarp etmeli bolmaýar.Balkan, Ahal, Mary welaýatlary we Lebap welaýatynyň Atamyrat etraby üçin ýorunjany güýzüne ekmegiň iň gowy möhletleri 20-nji awgustdan 10-njy sentŷabr aýyna çenli. Lebap welaýatynyň beýleki etraplary üçin 20-30-njy awgustdyr. Daşoguz welaýatynyň etraplarynda ýorunjanyň güýzüne ekilmegi maslahat berilýär. Çünki bu ýerde şundan giç ekilen ýorunja garsyz gyşyň sowugyna çydap bilemýär. Maslahat berilen möhletlerde güýzüň başynda ekilen ýorunja gowy kök urýar we mazaly berkän ösümlikler görnüşinde gyşlaýar. Ýazyna ýorunja ekmekligiň Balkan, Ahal, Mary we Lebap welaýatlary üçin iň gowy möhletleri 20-25-nji fewraldan 10-njy-15-nji marta, Daşoguz welaýaty üçin 1-5-nji martdan 25-30-njy marta çenli gowydyr.
Türkmen oba hojalyk instituty 2-nji ýyl talyby Odeşow Eziz