Oba hojalygy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlaryndan biri bolup, ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, daşary ýurtlara satylýan önümleriň möçberiniň artmagyna-da mümkinçilik döredýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda oba hojalygynyň ösdürilmegine gönükdirilen giň gerimli işler ýerine ýetirilýär. Munuň netijesinde içerki bazar bilen bir hatarda daşary ýurt bazarlarynda hem ýer tapýan önümlerimiziň görnüşi we mukdary artýar.
Türkmen topragynyň berekedi, howa şertleriniň amatlylygy we irki–giçki möwsümler ýurdumyzda dürli ekinleriň ýokary hilli ösdürilip ýetişdirilmegine şert döredýär. Bugdaý, pagta, gök-bakja önümleri, miweler, ýeralma we beýleki ekinleriň köpüsi ýerli sarp edilişden artýan möçber bilen öndürilip, satyn alyjysy köp bolan daşary ýurt bazarlaryna eksport edilýär.
Döwlet tarapyndan oba hojalygyna döredilýän şertler eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrýar. Daýhanlar döwrebap ýer sürýän, ekin ekmýän we hasyl ýygnaýan enjamlary bilen üpjün edilýär, suwdan tygşytly peýdalanmak üçin täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Şeýle hem ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler we dermanlar bilen üpjünçilik ulgamy giňeldilýär. Munuň netijesinde öndürilýän önümleriň hili ýokarlanýar, daşarky bazar üçin bäsdeşlige ukyply harytlar döredilýär.
Ýurdumyzyň dünýä bazarlary bilen söwda gatnaşyklary yzygiderli giňäp, täze eksport ýollary emele gelýär. Gök-bakja önümleriniň, şalynyň, pagtadan taýýarlanylýan önümleriň, bugdaý unynyň we başga-da birnäçe harytlaryň daşary ýurtlara iberilmegi ýylsaýyn artýar. Täze logistika ugurlarynyň açylmagy, ýollaryň, ulag serişdeleriniň döwrebaplaşdyrylmagy hem harytlaryň ugradylmagyny ýeňilleşdirýär.
Oba hojalyk önümçiliginde ekologiýa taýdan arassa önümler öndürmek hem eksport üçin möhüm mümkinçilikdir. Tebigy serişdeleri tygşytly ulanmak, suwaryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, himiki serişdelere bolan islegi azaltmak bilen arassa, sagdyn, eksport talaplaryna laýyk önümler öndürilýär. Bu bolsa daşary ýurt bazarlarynda türkmen önümlerine bolan islegi artdyrýar.
Ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň eksport mümkinçilikleri ýylsaýyn giňäp, täze ugurlara çykýar. Döwrebap ykdysady syýasat, oba hojalygyna berilýän goldaw we daýhanlaryň zähmeti ýurdumyzyň bu ugurda has-da öňe ilerlemegine mümkinçilik döredýär. Gelejekde hem ýurdumyzyň oba hojalyk önümleriniň dünýä bazarlarynda öz ornuny has-da berkidip, halkara bazarda bäsdeşlige ukyply haryt hökmünde tanalmagy üçin ähli şertler döredilýär.
Omarowa Mähri,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby




