Dokma senagaty ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklarynyň biridir. Bu pudak ýokary depgin bilen ösüp, oňa döwlet tarapyndan ählitaraplaýyn goldaw berilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda täze dokma kärhanalarynyň birnäçesi guruldy we bar bolan kärhanalaryň durky täzelendi. Häzirki wagtda ýurdumyzda dokma önümçiligine degişli 70-den gowrak kärhana, ýagny iri dokma toplumlary, pagta egriji we dokma önümçilikleri, tikinçilik we aýakgap fabrikleri, derini we ýüňi ilkilenji gezek gaýtadan işleýän zawodlar hereket edýär.
Bar bolan önümçiliklerde “Rieter”, “Benninger”, “Trützschler”, “Schlafhorst”, “Zinser”, “Monforst”, “Küsters”, “Marzoli”, “Mario Crosta”, “Reggiani”, “Arioli”, “Savio”, “Tsudakoma”, “Juki”, “Muratec”, “Picanol” we beýlekiler ýaly dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrylandyr.
Daşary ýurtly kompaniýalar we halkara maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygyň üstünlikli alnyp barylmagy Türkmenistanyň dokma senagatynyň mundan beýläk hem ösdürilmegini üpjün edýär. Daşary ýurtly kompaniýalarynyň gatnaşmagynda döwrebap dokma toplumlarynyň birnäçesi işe girizildi. Bu kärhanalarda halkara hil standartlaryna, menejment we marketing talaplaryna laýyk gelýän önümçilikler ýola goýuldy. Dokmaçylyk pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin, iň soňky tehnologiýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap dokma toplumlary hereket edýär. Desgalarda egriji, dokmaçylyk, reňk beriji we tikinçilik önümçilikleri ýola goýlup, çig mal hökmünde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen inçe süýümli pagta ulanylýar.
Täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen birlikde, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak we olary ekologiki howpsuzluk talaplaryna laýyk getirmek meselelerine hem uly üns berilýär. Ýurdumyzyň dokma senagat önümçiliginde tebigy materiallaryň ulanylmagy dünýäniň dürli kärhanalaryna sargyt edýän halkara brendleri özüne çekýär. Türkmenistanyň öňdebaryjy dokma kärhanalaryň önümleri halkara derejede ykrar edilip, WRAP we OHSAS 18001 standartlaryna, ISO 9001, 9002, ISO 14001 sertifikatlaryna mynasyp boldular.
Häzirki wagtda öndürilýän dokma önümleriň 80%-inden gowragy eksport edilýär.
Ýurdumyzyň dokma kärhanalary daşary ýurtlarda geçirilýän sergilere hem işjeň gatnaşýarlar. Dokma senagaty ösdürmäge gönükdirilen çäreler pudagyň ösüş derejesini, türkmen dokma önümleriniň dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem ýurdumyzyň ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam berer.
Nursoltan Myradowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniñ Tikin önümçiligi kafedrasynyñ uly mugallymy