Türkmeniň gadymy däp-dessurlary bilen birlikde, halkymyzyň ekerançylyk sungatynyň baý milli tejribesi gaýtadan dikeldilýär. Soňky ýyllarda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek, daýhançylyk tejribesinden peýdalanmak, ösen döwletleriň oba hojalyk pudagynda öňdebaryjy tejribelerini, innowasion tehnologiýalaryny ýurdumyzyň howa we toprak şertlerine laýyklykda oba hojalyk önümçiligine ornaşdyrmak üçin ençeme işleri durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz her bir uly şäherlerimiziň golaýyndan ýyladyşhanalary gurmak üçin ýer bölünip berilmegini we isleg bildirýänlere ýyladyşhana gurmak we gök önümleri öndürmek üçin ýeňillikli karz serişdelerini bermek işini talaba laýyk guramagy degişli wezipeli adamlara tabşyrdy. Öňde goýulýan wezipeleriň netijeli çözülmeginde ýyladyşhanalaryň ähmiýeti örän uludyr. Soňky ýyllarda oba hojalygy ösen döwletlerde ýyladyşhanalarda diodly yşyklandyryjylaryň (swetodiod) emeli ýagtylygyny ulanmak bilen maldarçylykda göleleriň agramynyň 25%, sygyrlaryň süýdi 10%, guşçulykda towuklaryň ýumurtga guzlaýjylygynyň 25% artýandygyna göz ýetirdik. Şeýle-de ýyladyşhanalarda pomidory, hyýary, limony, kelemi we ş.m. dürli gülleri ösdürip ýetişdirmek arkaly ýokary hasyl alyp başladylar.
Diodly yşyklandyryş – ýagtylyk çeşmesi hökmünde ýagtylykdiody peýdalanmagyna esaslanan emeli ýagtylandyryş tehnologiýasynyň gelejegi bolan ugrudyr. Ýyladyşhanalarda nakal çyralary peýdalanylanda elektrik energiýasynyň köp böleginiň ýylylyga öwrülýänligi sebäpli emeli ýagtylyk ýetmezçiligi üçin hasyllylyk bolmalysyndan pes derejede bolýardy. Ösümlikleriň daşky täsirlere çydamlylyk derejesi gowşak bolýardy. Emma soňky ýyllarda ylmyň güýçli depginlerde ösmegi netijesinde ýagtylandyryşda emeli yşyklandyryş, ýagny ýagtylyk dioddan peýdalanmak eýýäm bazarda paýy 10% artdy. Diod yşyklandyryşynda ýagtylandyrmak gönüden-göni diod yşyklandyryşynyň tehnologiki ösüş ewolýusiýasy bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin ýörite niýetlenen aşa ýiti ýagtylykly diýilýän diodlar işlenilip önümçilikde eýýäm özleşdirildi.
Ýyladyşhanalarda ýagtylykdiod çyralary ulanmagyň artykmaç tarapy – ösümligiň ösmegi üçin hakyky zerur şöhlelenme spektoryny alyp bolýanlygydyr. Çyranyň şöhlelenme spektorynda hem gök, hem-de gyzyl-mämişi bölegi (diapazony) ýerleşendir. Ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, gyzyl yşyk – kök ulgamynyň ösmeginde, miweleriň ýetişmeginde, güllemeginde, gök şöhleler bolsa ýapraklaryň we ösümlikleriň ösüşinde ähmiýeti örän uly. Natrili çyralaryň spektorynyň esasy bölegi gyzyl-mämişi topary tutýanlygy sebäpli, gök şöhlelenmäniň ýetmezçiliginden ösümlikler ýokary ösüp gidýär, has port şaha (döwülegen baldak) emele gelýär we daşalmaga ýaramsyz bolýar. Ýagtylyk diod çyranyň önümçilikde bar bolan ýagtylyk tehnikalaryň häsiýetnamalaryndan artykmaçlygynyň biri hem natriýli çyralara seredeniňde 1 sany ýagtylykdiod çyra elektrik energiýany 3 esse az sarp edýändigidir. Mundan başga-da artykmaçlygynyň biri hem ýagtylykdiod çyralary uzak ömürliligidir, olaryň 3 ýyllyk kepilligi üpjün edýän 50000 sag resursy bolýar, we şonuň esasynda onuň ulanyş gulluk möhleti 10 ýyla çenli.
Şeýle hem ýagtylykdiod çyranyň ekologiki arassalygyny aýratyn bellärliklidir we olary ýok etmek (utiliuzasiýa) meselesiniň ýoklugydyr. Bu görkezijileriň aýratynlygy: ýagtylykdiod çyrasynda zäherli we zelelli serişdeleriň (zyýanly) ýoklugydyr. Mundan başga-da, ulanyş wagtynda olar beýleki çyralar ýaly gaty gyzmaýanlygydyr. Bu bolsa ekinleri ýetişdirmekde talap edilýän klimat şertlerini saklamagy aňsatlaşdyrýar.
Gök ekinler islendik ýerde ýetişdirilende elmydama spektral düzümi boýunça mukdar we hil taýdan üýtgäp durýan ýagtylygy talap edýär. Açyk meýdan şertlerinde ekinler ähli derejede doly ýagtylyk kabul edýär. Ýyladyşhanalarda örtük materiallaryň häsiýetleri we olaryň arassalyk derejesi sebäpli düşýän ýagtylygyň mukdary 30%-e çenli azalmagy mümkin. Aýnadan 340 nm-den kiçi tolkun uzynlykly şöhleleri, propilen (selefan) plonkalar uzyn tolkun uzynlykly infragyzyl şöhleleri geçirmeýär.
Ösümlikleriniň fotosintezi üçin enegiýa çeşmesinde ýagtylyk spektorynyň gyzyl şöhleleri has agdyklyk edýändigini K.A.Timirýazow barlaglarynda ylmy taýdan subut edipdi. Şeýle hem spektorda gök reňkiň paýy – ösümligiň sagdyn ösmegi üçin zerurdyr. Ýyladyşhana ýagtylandyrylanda tebigy ýagtylyk az-kem ýetmezçilik edende bu faktlar göz öňünde tutulýar. Şonuň üçin ösümligiň netijeli ösmegi üçin — tebigy ýagtylandyryşda goşmaça emeli gündizlik ýagtylandyryşy (bu usul ýagtylygyň öwezini dolmak diýilýär) peýdalanylmaly we gije-gündiziň dowamynda, ýagny gije wagty hem ulanmaly. Ýaňy-ýakyna çenli goşmaça ýagtylyk çeşmesi hökmünde esasan –ýokary basyşly natriýli çyralar, metally galogen çyralar we az mukdarda – lýuminessent çyralar ulanylýardy. Diodyşykly ýagtylandyryjylaryň oýlanylyp tapylmagy bilen – ösümlikleriň ýokary hilli ýagtylandyryşynda täze derejä çykyldy.
Ýagtylyk spektorynyň her bir bölegi ösümligiň ýaşaýyş işjeňliginde wajyp rol oýnaýar. 280 nm-den kiçi ultramelewşe şöhlelenme ösümlik üçin biologiki ölüm howpludyr. 10-15 minut şeýle täsirde ösümligiň ösümlik beloklary dargaýar we öýjükler ýaşamagyny bes edýär. Bu ýagdaýlarda ösümlikde ýapraklaryň saralmagy we goňralmagy, baldaklaryň eplenmegi ýa-da ýykylmagy, öser elementleriniň guramagy ýaly daşky alamatlary ýüze çykýar. Ýöne Gün şöhlesiniň şeýle berk täsirli ultramelewşe şöhleleri Ýeriň ozon gatlagynda saklanylyp Ýeriň üstüne gelip ýetmeýär. Şeýle şöhlelenme diňe aýnasy çat açan şöhlelendiriji elektrik çyralarynda ösümlikler şöhlelenip biler.
Uly tolkunly ultramelewşe (315-380 nm) şöhleler – ösümlik üçin madda çalşygy we ösüşi üçin zerur. Olar baldagyň aşa ösüşini saklaýar, C we beýleki witaminleriň ösümlige ýygnanmagyny ýokarlandyrýar. Orta şöhleler (280-315 nm) pes temperatura täsiri ýaly täsir edýär we ösümligiň sowuga taplanmagyny we sowuga durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Ultramelewşe şöhleler hlorofillere hakykatda hiç hilli täsir etmeýär, ýöne ösümlik garaňkydan ýagta çykarylanda (etolirlenende), onuň täsiri döreýär.
Melewşe we gök şöhleler baldagyň, ýaprakdaky sapaklaryň we plastinleriniň ösüşini saklaýar, ýagtylyk şöhleleri doly siňdirmäge we ýagtylygy doly peýdalanmaga ykjamlanan(taplanan) we has galyň ýapraklary emele getirýär. Bu şöhleler beloklaryň emele gelmegini, ösümligiň organiki sintezini, gysga günlük ösümlikleriň güllemegini kadalaşdyrýar, uzak günlük ösümlikleriň ösüşini saklaýar. Spektoryň gök-melewşe bölegi hlorofill tarapyndan doly siňdirilýär, bu bolsa fotosinteziň maksimal çaltlygyna şert döredýär.
Ýaşyl şöhleler ýapragyň plastinlerinden siňdirilmäni göni geçýär. Şöhläniň täsirinden ýapraklar has ýukalýar, ösümligiň sütün agzalary ösüp uzalýar we inçelýär. Fotosinteziň derejesi bu şertde – iň pes derejede bolýar.
Mämişi bilen gyzyl reňkiniň birleşen şöhleleri fotosintez üçin esasy energiýa bolup durýar. Bu ýagtylyk bölegiň 625-680 nm aralygy ýapraklaryň we sütün agzalarynyň çalt ösmegini üpjün edýän iň esasy wajyp bölegidir. Bu ýagtylyk hlorofill tarapyndan doly siňdirilýär we fotosintezde uglewodlaryň emele gelmegini artdyrýar. Ýagtylygyň gyzyl-mämişi zolagy ösümlikleriň ähli fiziologiki prosesleri üçin uly orun degişlidir.
Alymlaryň we bilermenleriň takyklamagyna görä, aýratyn pes intensiwlikdäki (620 LK-den uly bolmadyk) gyzyl şöhleler (600-690 nm) ýagtylygyň garaňkylyk bilen çalşylmagyna we tersine (foto döwürlilige) duýgur ösümlikleriň fiziologiki proseslerine aktiw täsir edýär. Bulara birinji nobatda ýyladyşhana pomidory we hyýary degişlidir. Olary giçde, ala garaňky wagty görkezilen şöhleler bilen ýörite çyralarda ýagtylandyrylanda ösümligiň ösüşini gowulandyrmak, ösüş prosesini çaltlandyrmak we hasyllygyny ýokarlandyrmak ýaly gowy netijeler gazanyldy.
Infragyzyl şöhleler ösümliklere dürlüçe täsir edýär. Infragyzyl şöhleleriň tolkunyň ýakyn şöhlelerine (1100 nm çenli) pomidorlarda pes täsirlenme bolýar, hyýarlar has ýokary duýgur täsirleşme görkezýär. Ýagtylygyň bu diapazony ösümlikleriň gunçalarynyň, baldagynyň we öser murtlarynyň ösüp uzalmagyna getirip bilýär. Howanyň pes temperaturalarynda ýakyn şöhlelenmelerde ýapragy gyzdyrmazdan şöhle az-kem hlorofil tarapyndan özüne siňdirip biler. Has uly uzynlykly şöhleler diňe ýapraklaryň ýylylygyny gyzdyryp biler. Tolkun uzynlygynyň artmagy bilen ýapraklar solup başlaýar we netijede ähli ösümlik diýen ýaly guraýar. Diodly ýagtylygy ulanyp, adamlar işlemek we okamak üçin adaty şertleri döredýärler, ýaşaýyş şertlerini gowulaşdyrýarlar. Senagat kärhanalary we ulag yşyksyz işläp bilmeýär, üstesine-de, häzirki zaman şäher ykdysadyýeti emeli yşyklandyryşsyz iş edip bilmeýär, gurluşyk we oba hojalygy işleri gijelerine amala aşyrylyp bilinmez we ş.m.
Şeýle hem, diodly ýagtylyk, senagatda we oba hojalygynda tehnologiki proseslerde has köp ulanylýar, fotohimiýa önümçiliginiň aýrylmaz bölegine öwrülýär hem-de maldarçylyk we guşçylyk hojalygynyň öndürijiligini ýokarlandyrmakda, şeýle hem ekinleriň hasylyny ýokarlandyrmakda barha artýan rol oýnaýar.
Häzirki zaman alymlarynyň pikiriçe, täze tehnologiýalaryň geljekdäki ösüşi optiki radiasiýanyň ulanylmagy bilen baglanyşyklydyr we yşyk-diodly indikatorlar ýagtylyk çeşmesi hökmünde hereket etmeli. Häzirki zaman ýyladyşhanalary ekin hasylyny ýokarlandyrmak üçin ýörite yşyklandyryşy talap edýän köp gatly toplumlardyr. Yşyk-diodly indikatorlar ösümlikleriň ösmegine we miwesine iň amatly täsir edýän tolkun uzynlygy bilen ýagtylygyň spektrini saýlamaga mümkinçilik berýär. Fotosintez üçin iň amatly şertler döredilýär, ekinler has çalt ösýär we şol bir wagtyň özünde sagdyn bolýar.Şeýle çyralar ösümlik möwsüminiň islendik döwründe — gülli, miweli ulanylyp bilner. Şeýlelik bilen, ösümlikleri we miweleri ösdürip ýetişdirmek elýeterli we arzan düşýär, umuman alanyňda, yşyklandyryjylary oba hojalygynda ulanmak, esasan reňkli yşyklandyryjylar jemgyýetimize ep-esli peýdalary getirip biler.
Orazgeldi Ataýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby