Ýyladyşhanalarda ýylylyk goraglylygyny ýokarlandyrmak häzirki zaman oba hojalygynda ýokary öndürijiligi gazanmagyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şeýle ýyladyşhanalar ýyl boýy dürli gök önümleri we miweleri ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Ýylylygyň ýitmeginiň öňüni almak bolsa energiýa tygşytlamagy, hasyllylygy ýokarlandyrmak we önümçiligiň çykdajylaryny peseltmek üçin zerurdyr.
Ilki bilen ýyladyşhana gurluşy ýylylyk saklaýjy materiallar arkaly gurnalmaly. Şeýle materiallara poli-karbonat paneller, ýörite ýylylyk izolýasiýa örtükleri we köp gatly gurluş elementleri girýär. Poli-karbonat ýylylygy saklamakda aýnadan has ýokary netijelilik görkezýär, şeýle hem howanyň üýtgemelerine çydamly bolýar. Diwarlaryň we potoloklarynyň aralyklarynyň berk izolýasiýalanmagy ýylylygyň daşyna çykmagynyň öňüni alýar.
Ýyladyşhanada ýylylyk goraglylygyny ýokarlandyrmakda içki howa basyşyny we temperaturany kadalaşdyrmak hem möhüm orun eýeleýär. Ýyladyşhana içindäki howanyň aýlanmasy gowulandyrylmasa, ýylylyk deň paýlanmaz we käbir ýerlerde sowuk ýerler döräp biler. Munuň öňüni almak üçin howa aýlanyşygy degişli ýerlerde ýerleşdirilen wentilýatorlar arkaly üpjün edilýär. Şeýle hem ýyly howany saklamak üçin ýerasty turbalary ulanmak netijeli hasaplanylýar.
Soňky ýyllarda güneş energiýasy we gün ýyladyş sistemalary ýyladyşhanalarda giňden ulanylýar. Güneş panelleri elektrik energiyasyny öndürip ony ýyladyş enjamlaryna gönükdirýär. Bu usul energiýa tygşytlamakda iň amatlylarynyň biridir. Şeýle hem ýylylygy saklamak üçin ýylylyk akkumulýatorlary — ýagny gün dowamynda ýygnalan ýylylygy gijelerine goýberýän ýörite toplar — ulanylyp bilner.
Ýyladyşhananyň gurluşy bilen bir hatarda ýerüsti örtükleriň hem degişli derejede saýlanmagy zerurdyr. Iki gat örtük ulanmak ýylylyk izolýasiýasyny ep-esli güýçlendirýär. Gatlaryň arasynda howa boşlugynyň bolmagy tebigy ýylylyk saklaýjy gatlak döredýär.
Netije hökmünde aýdylsa, ýylylyk goraglylygyny ýokarlandyrmak ýyladyşhana önümçiligini düzgünli ýola goýmak üçin möhüm şertdir. Dogry gurluş saýlananda, täsirli izolýasiýa ýerine ýetirileninde we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar ulanylanda ýyladyşhananyň öndürijiligi hasda ýokarlanýar. Bu bolsa oba hojalygynda ýokary hasyl almak üçin möhüm mümkinçilik döredýär.
Koçmuradow Şatlyk
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby



