Weather Data Source: wetterlabs.de
829 raýat tussaglykdan boşadyldy - Jemgyýet - Gorogly.com

829 raýat tussaglykdan boşadyldy

Şu gün paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynda iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Şoňa laýyklykda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli jenaýat edendiklerini üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň 829-sy hem-de daşary ýurtly raýatlaryň 4-si tussaglykdan boşadylýar.

Türkmenistanda 1530 adam raýatlyga kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti degişli resminama gol çekip, günäsi geçilen adamlaryň ýakyn wagtda maşgalalarynyň ýanyna barmagy üçin degişli işleri geçirmek babatda tabşyryklar berdi, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynyň, etrapdyr şäherleriniň häkimlerinden olary iş bilen üpjün etmek babatda zerur çäreleri geçirmegi tabşyrdy.

Çeşme: Atavatan-turkmenistan.com

Habary paýlaşyň:

Добавить комментарий