Şu gün ýurdumyzda resmi saparda bolýan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen bilelikde Aşgabatda gurlan «Daşkent» medeni dynç alyş seýilgähiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew «Daşkent» medeni dynç alyş seýilgähiniň toý bagyny kesdiler. Şeýlelikde, seýilgäh resmi taýdan açyldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Zehinli iş» hojalyk jemgyýeti tarapyndan paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurlan «Daşkent» seýilgähi türkmen we özbek halklarynyň dostlugynyň, agzybirliginiň, medeni taýdan ýakynlygynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi. 30 müň inedördül metre uzaýan giňişlikde özbek paýtagtynyň gözel künjeklerini «Aşgabatda jemleýän» desgalaryň 20-den gowragy bar. Olaryň daş-töweregi gür baglyga bürelipdir. Seýilgähiň girelgesinde «Ezgulik» binasy myhmanlara gujak açýar. Dostlukly ýurtda bu bina ýagşy we asylly işleriň nyşany hökmünde garalyp, ol Garaşsyzlyk meýdançasynyň girelgesini bezeýär.
Daşkentiň «Mahallýalary» ÝUNESKO-nyň deslapky sanawyna girizildi
Seýilgähiň çäginde ululy-kiçili suw çüwdürimleri, medeni-köpçülik çärelerini geçirmek üçin ýörite meýdança bolup, olar özbek milli nagyşlarydyr şekilleri bilen bezelipdir. Şunda kesişýän gönüburçluklaryň we sekizburçly ýyldyzyň şekilleriniň seýilgähiň çäginde köp desgalarda ulanylandygyny aýtmak gerek. 100-e çenli adamy kabul edip bilýän iki gatly çaýhananyň öňünde seýilgähiň özboluşly desgasy — çäýnek bilen käsäniň şekilindäki suw çüwdürimi ýerleşýär. Bu künjek diňe bir meşhur özbek aşhanasynyň tagamlary bilen däl, eýsem, seýilgähiň Daşkendiň täsin arhitektura desgasy hasaplanýan telewizion diňi görnüp duran merkezi böleginiň ajaýyp görnüşleri bilen hem şäheriň ýaşaýjylaryny özüne çeker.
Bu ýerde çagalar üçin oýun meýdançalary, dürli görnüşli attraksionlar, syn ediş çarhy, awtoulaglary goýmaga niýetlenen ýer göz öňünde tutulypdyr. Täze seýilgähiň çägindäki Sagdyn durmuş ýörelgesi merkeziniň (Ekoseýilgäh) bolsa sagdyn durmuşy ýörelge edinen dürli ýaşdaky raýatlaryň iň gelim-gidimli künjekleriniň biri boljakdygy ikuçsuzdyr. Umuman, seýilgähde wagtyňy şadyýan we gyzykly geçirmek, maşgala bolup dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir.
Ýeri gelende bellesek, 2018-nji ýylyň 24-nji aprelinde Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Aşgabat» seýilgähi açyldy. Dostlukly ýurduň paýtagtynyň Magtymguly köçesinden uzak bolmadyk künjekde ýerleşýän bu medeni dynç alyş zolagynyň binagärlik keşbinde ak mermerli Aşgabadyň özboluşly ýörelgesi öz beýanyny tapýar. Bu gün doganlaşan şäherler Aşgabat bilen Daşkendiň adyny göterýän seýilgähler türkmen we özbek halklarynyň mizemez dostlugynyň, ýürekdeşliginiň nyşany bolup, giňden gujak açýar.