Weather Data Source: wetterlabs.de
Gazagystan bugdaýyň we unuň eksportyna gadaganlygy ýatyrdy

Gazagystan bugdaýyň we unuň eksportyna gadaganlygy ýatyrdy

Gazagystan bugdaý bilen unuň eksportyna girizilen gadaganlygy ýatyrdy. Bu barada Respublikanyň oba hojalyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

“Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrligi tarapyndan 2022-nji ýylyň 14-nji sentýabryndan bugdaýyň we unuň eksportyna girizilen gadaganlyk ýatyryldy. Degişli buýruga oba hojalyk ministri Ýerbol Karaşukeýew gol çekdi. Şeýlelikde, gazak oba hojalyk önüm öndürijileri hiç hili çäklendirmesiz bugdaýy we uny daşary ýurtlara satyp bilerler» — diýlip, edaranyň saýtyndaky habarda aýdylýar.

Alihan Smailow Gazagystanyň Täze Premýer-Ministri Boldy

Ýatlatsak, aprel aýynda Gazagystanyň Oba hojalyk ministrligi 15 iýuna çenli bugdaýyň we unuň eksportyny gadagan edýän buýruk çykardy. Oňa derek önüm öndürijiler 10%-i içerki bazarlara bellenilen has arzan bahadan satmaly edildi. Soňra çäklendirme 30-njy sentýabra çenli uzaldyldy.

Çeşme: Tmcars.info

Habary paýlaşyň:

Bir cevap yazın