Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Kerki etrap bölüminde täze döwrebap edara binasy açylyp ulanylmaga berildi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy resmi saýtynda 2025-nji ýylyň 1-nji fewralyndan başlap, Halaç etrabynyň ýaşaýjylary Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasportyny almak üçin gullugyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Kerki etrap bölümine ýüz tutmalydygyny habar berýär.
Salgysy: Kerki etrabynyň Kerki şäheriniň Körbaşy köçesiniň 11-nji jaýy
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 800444 2-05-16