«Türkmenpoçta» aragatnaşyk kompaniýasy Amazon, eBay, AliExpress we Wildberries ýaly iri internet dükanlaryndan Türkmenistana haryt getirmek üçin täze hyzmatlary ýola goýýar.
«Türkmenpoçta» daşary ýurt internet dükanlaryndan haryt getirmegi ýola goýýar
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin täze we garaşylýan mümkinçilikleri döredýär. «Türkmentelekom» elektrikaragatnaşyk kompaniýasynyň geçen hepdäniň çarşenbe güni beren habaryna görä, daşary ýurtlaryň iri internet-söwda meýdançalaryndan satyn alnan harytlaryň ýurdumyza iberilmegini guramak boýunça işjeň taýýarlyklar alnyp barylýar.
Täze hyzmatlaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk edilmegi meýilleşdirilýän esasy platformalar şulardyr:
Amazon
eBay
AliExpress
Wildberries
Omniva
Rakuten
Adex
Internet reşeniýa (Ozon)
Bütindünýä poçta birleşmesiniň sanly ulgamlaryna birikmek
Elektron maglumatlary alyşmak, halkara poçta ugratmalaryny yzarlamak we hyzmatlary sanlylaşdyrmak maksady bilen möhüm ädim ädildi. «Türkmenpoçta» Bütindünýä Poçta Birleşmesiniň (UPU) iki esasy sanly ulgamyna birikdirildi:
IPS (International Postal System): Halkara poçta ulgamy.
CDS (Customs Declaration System): Gümrük deklarirleme ulgamy.
Bu ulgamlara birikmek arkaly halkara poçta ugratmalaryny ygtybarly ibermäge, olaryň ýoluny yzarlamaga we logistika amallaryny awtomatlaşdyrmaga doly mümkinçilik döredildi. Şeýle hem, müşderilere edilýän hyzmatlaryň hili ýokarlandyrylyp, uly göwrümli maglumatlary çalt we howpsuz alyş-çalyş etmek ýola goýuldy.
Halkara hyzmatdaşlyk we logistikany kämilleşdirmek
Häzirki wagtda «Türkmenpoçta» daşary ýurt kompaniýalary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagy, logistikany işjeňleşdirmegi we elektron söwda meýdançalaryndan poçta ýollamalaryny eltip bermek boýunça häzirki zaman çözgütlerini ornaşdyrmagy yzygiderli dowam etdirýär.
Bellesek, «Türkmenpoçta» 1993-nji ýyldan bäri Bütindünýä Poçta Birleşmesiniň agzasy bolup durýar we häzirki güne çenli dünýäniň 192 sany daşary ýurt poçta operatory bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy üstünlikli alyp barýar.


