MakalalarTebigat

11-nji dekabr – Halkara daglar güni

1992-nji ýylda daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak maksady bilen BMG tarapyndan geçirilen halkara konferensiýasynda Daglary goramagyň bütindünýä gününi döretmeklik barada birnäçe tekliplere seredildi. 2002-nji ýyl bolsa BMG tarapyndan “Daglar ýyly” diýip yglan edildi. Şol ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 57-nji sessiýasynda kabul edilen rezolýusiýa laýyklykda, her ýylyň 11-nji dekabry “Halkara daglar güni” diýip yglan edildi. BMG-niň berýän maglumatlaryna görä, gury ýer böleginiň 27%-den gowragyny daglar eýeleýär. Dünýä ilatynyň 15%-e golaýy daglyk ýerlerde zähmet çekýärler. Häzirki wagtda daglyk ýerlerde işleýän adamlaryň üçden birinde azyk bolçulygyndan peýdalanmakda mesele ýüze çykýar.

10-njy dekabr — Adam hukuklarynyň halkara güni

Halkara daglar gününiň döredilmeginiň baş maksady dünýä jemgyýetçiliginde daglarda ýerleşýän tebigy çeşmelerden netijeli, tygşytly peýdalanmaklyk, daglyk meýdanlaryň ekologik arassalygyny gorap saklamakdan ybarat. Şeýle-de bu senäniň döredilmegi netijesinde dag biodürliligini köpeltmeklik, daglyk ýerlerde ýaşaýan ilatyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaklyk göz öňünde tutulan. Her ýylyň 11-nji dekabry dürli maksatlary göz öňünde tutulyp, dürli mowzuklar bilen birnäçe çäreleri öz içine alýar.

                                                                                                   

Şamyrat NAZAROW

TMÝG-nyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap

 Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni

Habary paýlaşyň:

Bir yanıt yazın