Russiýaly, daniýaly we italiýaly alymlaryň halkara topary Finlýandiýada Ýewropanyň iň gadymy agaç ösümligine öwrülen gurap galan arçany tapdy. Barlag gyrymsy agajyň 1464 ýyl – 260-njy ýyldan 1906-njy ýyla çenli ideg edildi.Barlagçylar Grenlandiýadan başalp, Polýar Urala çenli dürli demirgazyk sebitlerinde adaty arçanyň nusgalaryny ýygnadylar. Ösümligiň ýaşyny şahalarynyň kesiklerindäki ýyllyk halkalary sanamak arkaly kesgitleýärdiler.Jemi 2000 töweregi gyrymsy agaç öwrenildi. Islandiýadan we Farer adalaryndan başga köp ýerlerde arçalaryň 300 ýyldan gowrak ýaşaýandygy anyklandy.
Megerem, Islandiýada we Farer adalarynda olaryň kesilen bolmagy mümkin. Uralda arçanyň iň ýokary ýaşy 840 ýaş, Finlýandiýada bolsa 1000 ýaşdanam uly nusgalar tapyldy.Alymlar howanyň üýtgemeginiň tundradaky arçalara ýaramaz täsir edýändigini bellediler. Soňky onýyllyklarda ýangyn we taýganyň ýaýramagy sebäpli, olaryň uzak ýaşamagy üçin şertler ýaramazlaşypdyr. Alymlaryň aýytmagyna görä iň gadymy agajyň görnüşleri bardygyny aýtdylar ýöne beýleki görnüşleri uzak ýaşamandygynyň sebäbini alymlaryň ünsüni çekdi. Ýagny uzak ýaşamagyna ýeriň gurplulygy täsiri barmy ýa-da howanyň çygylylygyna baglymy entäk alymlar bu soraga jogap tapyp bilenoklar. Gündogar biotasy, Wiwola arçasy we birnäçe gyrymsy agaçlaryň görnüşleri.
Türkmen oba hojalyk instituty
4-nji ýyl talyby Begmyradowa Jemal




