2023-NJI ÝYL HALKARA “DIALOG PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI” ADY BILEN GARŞYLANAN ÝYL
Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýermek bilen, Ýer ýüzünde parahatçylyk arkaly ählumumy ösüşi üpjün etmegiň hemmeler üçin goldanarlyk milli nusgasyny döretdi.Şeýle tejribe ýurdumyzyň baky Bitaraplygymyzyň geosyýasy mümkinçilikleriniň häzirki bir bitewileşýän, täzelenýän dünýäde aýratyn ähmiýete eýedigini äşgär etdi.
Ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň hem başlygynyň orunbasarlygyna birnäçe gezek saýlanmagy we BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna goşýan goşandy Türkmenistanyň halkara derejede belent abraýa eýe bolmagyny şertlendirdi. Ählumumy bähbitlere laýyklykda, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we işjeň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli alyp barýan döwletimiz gyzyklanma bildirilýän halkara gatnaşyklaryň ugurlaryny artdyrýar we häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2020-nji ýylda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredildi.Ol BMG-ä agza döwletlere halkara hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri boýunça tejribe hem-de pikir alyşmaga mümkinçilik berýär.
Arkadag şäheri Türkmenistanda elektrikli jemgyýetçilik ulaglarynyň ulanyljak ilkinji şäheri
BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2023-nji ýyly Halkara “Dialog parahatçylygyň kepili” ýyly diýip atlandyrmak baradaky Kararnamany kabul etdi. Bu barada BMG-niň resmi saýtynda habar berildi.Bu kararnamanyň kabul edilmeginiň maksady BMG-niň Tertipnamasynyň jedelleri parahatçylykly ýollar bilen çözmek we geljekki nesilleri dawa-jenjellerden halas etmek baradaky esasy ýörelgelerine halkara giňişliginiň ünsüni çekmekden ybaratdyr.
Aýna Berdiýewa
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň
34-nji orta mekdebiniň türkmen dili mugallymy