Bütindünýä ýod ýetmezçiliginiň öňüni alyş güni her ýylyň 21-nji oktýabrynda dünýäniň köp ýurtlary
tarapyndan bellenilýär. Bu senäniň döredilmeginiň maksady, ýod ýetmezçiliginiň howplary we onuň
öňüni alyş usullary barada habardarlygy ýokarlandyrmakdyr. Ýod adam saglygy üçin iň möhüm
mikroelementleriň biridir. Ol bedeniň kadaly ösmeginde we madda çalşygynda möhüm orny
eýeleýän galkan şekilli mäziň düzümine girýär. Bedende ýoduň ýetmezçiligi sebäpli dürli galkan
şekilli mäziň keselleri döräp biler we ýoduň ýetmezçiligi ýadawlyga, depressiýa, gaharjaňlyga,
ýatkeşligiň peselmegine we kelle agyrylaryna sebäp bolup biler. Bedeniň gündelik ýod zerurlygyna
onuň ýaşy, bedeniň agramy, saglyk ýagdaýy ýaly faktorlar täsir edip biler. Bütindünýä ýod
ýetmezçiliginiň öňüni alyş güni bedende ýod ýetmezçiliginiň howplary barada habardarlygy
ýokarlandyrmak we ýod ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin ýod duzuny sarp etmek maksady bilen
döredildi.
Döwlet HALLYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby