BMG Baş Assambleýasynyň 2013-nji ýyldaky kabul eden karary bilen her ýylyň 5-nji sentýabrynda haýyr –sahawat güni bellenilýär. Günüň maksady, haýyr sahawat guramalaryna we şahsyýetleriň garyplygy we ýiti ynsanperwerlik krizislerini ýeňip geçmekdäki işlerine üns çekmek hem-de olaryň işleriniň köpelmegine, haýyr sahawat işlerine meýletin gatnaşmaga bolan höwesi döretmäge adamlary gönükdirmekden ybaratdyr.
Haýyr –sahawat, bu agyr krizisleriň netijelerini ýeňip geçmäge kömek edýär. Şeýle hem medeniýetiň ylmyň sportyň ösmegine goşant goşýar we tebigatyň goralmagyny üpjün edýär. Haýyr –sahawat aslynda meýletin we şahsyýet däl, eýsem sosial taýdan möhüm meselelere gönükdirilen we girdeji gazanmagy öz içine almaýar. Şol bir wagtyň özünde maliýe we maddy serişdeler şeýle hem adamlaryň ukyplary we güýji serişde hökmünde hereket edýär. Haýyr –sahawat diňe bir mätäçlere kömek etmek bilen çäklenmän, taryhy ýadygärlikleri we ybadathanalary dikeltmäge, bilim we lukmançylyk edaralaryny enjamlaşdyrmaga we başga-da köp zatlara gönükdirilendir.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk insitutynyň talyby