Adam aňynyň çägi barmy diýen sorag adamlary müňýyllyklardan bäri gyzyklandyryp gelýär. Bu sorag diňe bir ylmy barlaglaryň däl, eýsem filosofik pikirlenmegiň hem esasy ugry bolupdyr. Adam aňynyň üsti bilen adamzat düşünmäge, döredip bilmäge we özüni ösdürmäge ukyplydyr. Emma aňyň mümkinçiligi näçe uly bolsa-da, onuň belli bir çäk bilen çäklenýändigi ýa-da çäksizdigini anyk kesgitli jogap henizem pikirlendiriji mesele bolup durýar.
Ilki bilen aňyň mümkinçiliklerine gözýetim giňligi hökmünde seredilýär. Adamzat taryhynyň dowamynda dürli ylmy açyşlar, tehnologiýalaryň ýüze çykmagy, dünýäni kabul ediş we düşünüş mümkinçilikleriniň giňemegi aňyň hemişe öňe ugrukýandygyny görkezýär. Bu nukdaýnazardan seredilende, aňyň ösdürilmegi üçin kesgitli çäk ýok ýaly görünýär. Ýagny adam ýetişýän täze bilim, täze tejribe, täze döredijilik pikirleri arkaly öz aň ukybyny giňeldip bilýär.
Şeýle-de bolsa, adamyň aňynyň fiziki serişdeleri – beýni öýjügi, nerw ulgamy, duýgy kanallary – belli bir gurluşa eýedir. Bu gurluşlar fiziki taýdan çäkli bolansoň, olara daýanyp işleýän aňyň hem tebigy taýdan çäkliligi bar diýlip aýdylýar. Mysal üçin, adam beýnisiniň maglumat işläp geçiriş tizligi, ýatda saklap bilýän mukdary, duýgulary kabul edýän aýratynlygy diňe biologik gurluşyň çäginde amala aşyrylýar. Bu nukdaýnazardan alanyňda, adamyň aňy çäkli fiziologiki serişdelere daýanýar.
Emma filosofiýa bu jogaby ýene-de çylşyrymlaşdyrýar. Aň diňe biologik gurluş bilen däl, eýsem ruhy hem-de akylyň abstrakt mümkinçilikleri bilen hem ölçenilýär. Adam düşünjesiniň taryh boyunça edinen ösüşi onuň diňe fiziki gurluş bilen çäklenmeýändigini görkezýär. Matematik formullaryň döredilmegi, göni görünmeýän atom gurluşlarynyň akyl bilen keşplenmegi, galaktikalaryň gurluşynyň pikirlendirilip açylmagy ýaly mysallar adamyň aňynyň diňe biologik çägiň içinde saklanyp galmaýandygyny görkezýär. Şonuň üçin käbir düşünjelere görä aňyň çägi diňe adamyň özüne goýan çägi bilen çäklenýär.
Ýene bir tarapdan seredeniňde, adam her zatda çäklilik duýsa-da, şol çäk bilen göreşmek arkaly ösüşe çykýar. Kynçylygyň aňyny giňeldýän güýje öwrülmegi onuň netijede öňkiden has güýçli pikirlenmäge mümkinçilik berýär. Käbir filosofiýa ugurlary aňyň çäksizdigini aýdýar, sebäbi adam gözýetiminiň çäklenmegi onuň pikirlenme güýjüniň çäklenendigini aňlatmaýar. Aňyň çägi bar bolsa hem, adam oňa ýakynlaşdygyça başarmagynyň derejesi hem giňäp durýar.
Adamyň aňynyň çägi barada anyk bir jogap ýok, sebäbi aňyň çäklerini ölçemek üçin ölçeg hem doly kesgitlenen däl. Aň bir tarapdan fiziki gurluşa daýanýanlygy sebäpli çäklidir, ýöne ruhy, döredijilik we intellektual mümkinçilikleri taýdan seredeniňde çäksiz ösüşe ukyplydyr. Şeýlelikde, adam aňynyň çägi bar diýmek hem, onuň çäksiz diýen netijä gelmek hem doly dogry däl. Aň çäkli görnüşde ýagdaýa uýgunlaşýan, ýöne çäksiz görnüşde ösüşe ukyply sistemadyr. Şeýlelikde, iň dogry jogap: adam aňy öz çägini özi giňeldýän güýçdir.
Saparalyýewa Akgözel,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
TKA-nyň talyp hakynyň eýesi




