Adam temperamenti — ülüşliligi boýunça galjaň, gany gyzma bolsa, ol edil şonuň ýaly-da çalt sowaýan we bu halda goýberen nogsanlygyna öýkünmek bilen bolýar. Gyzmalygyň kanunalaýyklykda sowamak bilen utgaşmagy diňe temperamentden-ülüşlilikden gaýdýan özüni alyp barşa mahsusdyr. Edil şonuň ýaly-da fiziki güýji ejiz, işde çalt ýadaýan häsiýetli temperamentde-ülüşlilikde bu ýetmezçilik onuň iňňän ýokary duýgurlygy bilen öwezi doldurulýar.
Temperamentiň — ülüşliligiň fiziologik esasy dogrusynda nerwizm we konstitusionalizm ýaly giňden ýaýran iki nazaryýet bolup, olaryň birinjisi temperamentiň-ülüşliligiň sypatlaryny nerw ulgamynyň häsiýetleri bilen, görnüşlerini-tiplerini bolsa merkezi nerw işiniň tipleri bilen baglanyşdyrýar. Bu ugur esasan I.P.Pawlowyň işleri bilen baglanyşyklydyr. Konstitusionalizm nazaryýeti temperament-ülüşlilik, şahsyýet özüniň tebigy görnüş aýratynlyklaryny dolmuşlyk ýa-da hortaňlyk ýaly içki mäzleriň işi arkaly döredilýän fiziologik häsiýetlerden alyp gaýdýar diýen pikirden ugur alýar.
Temperamentiň — ülüşliligiň gadymy grek alymy Gippokratdan gaýdýan umumy görnüşleri-tipleri sangiwinik, holerik, flegmatik we melanholigi özünde jemleýär. I.Kant adamyň temperamentini-ülüşliligini duýgynyň we işiň temperamentlerine-ülüşliliklerine bolup, birinjä sangiwinigi we onuň gapma-garşylygy bolup durýan melanholigi goşýar. Ikinji görnüşe bolsa holerik we flegmatik degişli bolýar. Gadymy grek alymy Gippokrat temperamenti adamyň beden-psihologik gurluşyna görä 4 görnüşini tapawutlandyrýar:
- Sangwinik — gansow ülüşlilikde duýgy örän çalt döräp, ol özüniň daşky özüňi alyp baryşda ýokary işjeňligi, emma içki syzylyşda ýüzleý, dowamly bolmadyk syzylyşy bilen tapawutlanýar
- Melanholik — gara ötsow ülüşlilikde duýgylaryň daşky özüňi alyp baryşdaky ýüze çykyşynyň ýüzleýligi onuň adamyň içki dünýäsinde örän çuňňur we dowamly syzylyşy bilen utgaşýar.
- Holerik — ötsow iş ülüşliligi hökmünde özüniň herekerleriniň kadasyzlygy, döreýän päsgelçiliklere ýokary galjaňlygy, işiniň gidişine ýokary göterilişler we düşnüksiz ruhy peselmeleriň mahsuslygy bilen tarawutlanýar.
- Flegmatik — nemsow iş ülüşliliginiň ikinji görnüşi bolup, ol daşky täsirlere örän haýallykda jogap hereketlerini gaýtarýan, daşky we içki päsgelçiliklere durnukly we dowamly garşy durýan, özüniň umumy sowukganlylygy bilen tapawutlanýar.
Mährijemal Gurbanowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy