Magtymguly Pyragy indi ençeme onýyllyklardan bäri milli söz sungatyna gadam goýan her bir döredijilik adamynyň ruhy halypasy hasaplanýar. Şonuň ýaly-da, onuň ruhy dünýäsi döwürdeş şahyrlarymyzyň-da ylham çeşmesine, göwün joşuna öwrüldi. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler indi birnäçe wagt bäri halkara derejede giňden dabaralandyrylýar. Bu ajaýyp waka mynasybetli şahyryň goşgularynyň, ol barada ýazylan eserleriň dünýä dillerinde neşir edilmegi beýik akyldaryň edebi mirasynyň halklary jebisleşdirýän dost-doganlyk köprüsidigini aýdyň görkezýär.
Türkmeniň milli buýsanjy, beýik danasy Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujydyr. Türkmeniň ruhy sütüniniň öwüşgini — Magtymguly Pyragynyň şygyrlary halkyň kalbynyň owazydyr. Magtymgulyny okan her bir ynsan jahana başgaça göz bilen bakýar. Magtymguly Pyragy sarpasy belentde tutulýan, ilki türkmeniň, soňra bolsa umumadamzadyň şahyrydyr. Onuň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmaz sütünine öwrüldi.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy özüniň döredijilik älemi bilen her bir ynsanyň göwnüni galkyndyrmagy başarýar. Halkymyzyň akyldar şahyra bolan beýik söýgüsiniň nyşanyna öwrüljek Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy hem ýokarda aýdylanlaryň üstüni ýetirýär.
Biz hem halkymyzyň dünýä belli şahyrynyň ajaýyp eserlerini öwrenmek işinde öz yhlasymyzy gaýgyrmajakdygymyzy ynandyrýarys. Türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän çuň taryhy köklerini sarpalap, ýaş nesillere geçirmek ugrunda irginsiz zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyzyň tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
PALTABAÝEWA MAÝSA
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýyladyşhana hojalygy
hünäriniň 1-nji ýyl talyby