Bilim ulgamynyň başlangyç basgançagy çaganyň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Hut şu döwürde onuň dünýäni kabul edişi, özüni alyp barşy, jemgyýetdäki ornuna düşünşi hem-de ruhy gymmatlyklara bolan gatnaşygy emele gelýär. Şonuň üçin başlangyç bilim diňe bir okamak, ýazmak we hasaplamak endiklerini öwretmek bilen çäklenmän, ilkinji nobatda, ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmäge gönükdirilmelidir. Ahlak terbiýesi başlangyç synplarda alnyp barylýan ähli okuw-terbiýeçilik işleriniň özenini düzýär.
Ahlak terbiýesiniň mazmuny giňdir. Ol çagada dogruçyllyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk, jogapkärçilik, sabyrlylyk, zähmetsöýerlik, ululara hormat goýmak we kiçilere mähirli bolmak ýaly häsiýetleri kemala getirmegi maksat edinýär. Başlangyç ýaş döwri bolsa şeýle sypatlaryň aňsatlyk bilen kabul edilýän, ruhy dünýäniň has täsirli şekillendirýän döwrüdir. Psihologik taýdan bu döwürde çagalar görelde esasynda öwrenmäge ýykgyn edýärler. Şoňa görä-de mugallymyň şahsy göreldesi ahlak terbiýesiniň iň güýçli serişdeleriniň biri bolup çykyş edýär.
Başlangyç synp mugallymy diňe bilim beriji däl, eýsem çaganyň ruhy dünýäsi bilen işleýän terbiýeçidir. Onuň sözleri, hereketleri, sapagy guramak usuly, okuwçylara bolan gatnaşygy çaganyň aňynda çuň yz galdyrýar. Mugallymyň adalatlylygy, talapkärligi bilen mylaýymlygy utgaşdyrmagy, her bir okuwça aýratyn şahsyýet hökmünde garamagy ahlak terbiýesiniň üstünlikli alnyp barylmagynyň möhüm şertidir. Çagada özüne ynam döretmek, onuň pikirini diňlemek, üstünliklerini höweslendirmek – bularyň hemmesi şahsyýetiň sazlaşykly ösüşine hyzmat edýär.
Ahlak terbiýesi okuw maksatnamasynyň ähli ugurlary bilen utgaşykly alnyp barylmalydyr. Edebiýat sapaklarynda gahrymanlaryň hereketleriniň seljermesi arkaly ýagşy bilen ýamanyň tapawudy düşündirilýär. Ene dili sapaklarynda söz baýlygyny artdyrmak bilen birlikde, edep-terbiýe bilen bagly düşünjeler hem ösdürilýär. Tebigaty öwreniş sapaklarynda daşky gurşawa hormat goýmak, zähmete bolan söýgi ýaly gymmatlyklar berkidilýär. Şeýlelikde, her bir sapak diňe bir bilim beriji däl, eýsem terbiýeçilik häsiýetli bolmalydyr.
Mekdep bilen maşgalanyň hyzmatdaşlygy hem ahlak terbiýesiniň netijeliligini ýokarlandyrýan möhüm şertleriň biridir. Çaga mekdepde öwrenýän düzgün-tertiplerini öýde dowam etdirmeli, öýde berilýän terbiýe bilen mekdepde alnyp barylýan terbiýeçilik işi biri-birini doldurmalydyr. Mugallym bilen ata-enäniň ysnyşykly gatnaşygy, bilelikdäki maslahatlar we çäreler çaganyň şahsyýet ösüşine oňyn täsir edýär.
Häzirki döwürde jemgyýetde bolup geçýän özgerişler, maglumat giňişliginiň giňelmegi, sanly serişdeleriň täsiri çagalaryň aňyna güýçli täsir edýär. Şeýle şertlerde başlangyç synplarda ahlak terbiýesini maksatly, yzygiderli we ylmy esasda alyp barmak aýratyn zerurlyga öwrülýär. Çagany diňe bilimli däl, eýsem giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly, jemgyýet öňündäki jogapkärçiligini duýýan şahsyýet hökmünde terbiýelemek döwrüň esasy talaby bolup durýar.
Bibinar Imamowa,
Çärjew etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy


