Bu täze tehnologiýa lukmançylykda we biologiýa ylmynda öňe ilerlemekde möhüm bir ädimdir. Halkara ylmy-barlag topary emeli intellekti ulanyp (AI) uly göwrümli beloklary taslamak üçin öwrülişik usulyny oýlap tapdy. Olar bu taslamany amala aşyrmak üçin 2024-nji ýylda himiýa boýunça Nobel baýragyna eýe bolan AlphaFold2 programmasyny ulandylar.
Beloklar bedende mada çalşygyny, fermentleri daşamak ýaly möhüm wezipeleri ýerine ýetirýärler. Alymlar tebigatda duş gelmeýän «de-nowo» atly beloklaryñ üstünde üznüksiz işleýärler. Bu beloklar antibedenleri döretmek, beden üçin gerekli maddalary sintezlemek, daşamak we wiruslara garşy göreşmek üçin ulanylyp bilner. Şeýle-de bolsa, beloklary taslamak, olaryň gurluşyna we işleýşine takyk düşünmegi talap edýän çylşyrymly mesele bolup durýar. Bu ugurda öňegidişlik, ýokary takyklyk bilen kompýuterdäki beloklaryň gurluşyny çaklaýan “AlphaFold2” programmasy arkaly mümkin boldy.
Mýunhen Tehniki Uniwersitetiniň we Massaçusets Tehnologiýa institutynyň ylmy-barlag topary, professor Hendrik Ditz we Sergeý Owçinnikowyň ýolbaşçylygyndaky belok dizaýnyna täze çemeleşme hödürlediler. Olaryň usuly, “AlphaFold2” molekulalarynyň gurluşynyň takyk çaklamasyny modelleri optimizirlemek üçin köplenç ulanylýan gradiýent aşak düşmek usuly bilen birleşdirýär.
Gradiýent aşak düşmek — bu maksatly funksiýadan, ýagny islenýän belok gurluşyndan gyşarmalary azaldýan ädimleýin hadysadyr. Bu usuly ulanmak, “AlphaFold2” çak edilýän gurluşlary belli bir maksat bilen deňeşdirmäge we islenýän netijä ýetmek üçin aminokislotalar zynjyryny optimizirlemäge mümkinçilik berýär.
Belok döretmek prosesi zynjyryň her nokadynda mümkin bolan aminokislotanyň ähli görnüşlerini “wirtual ýygnamak” bilen başlaýar. “Zynjyryň her nokadyny 20 aminokislotanyň biri bilen görkezip boljakdygyna köplenç ynanýarlar. Ähli mümkinçilikleriň biri-birine diýen ýaly çemeleşilmegini ulanýarys»-diýip, ylmy işiň awtory Kristofer Frank düşündirýär. Bu ädim gurluşy optimizirlemäge we soňra tejribehanada köpeldilip bilinjek aminokislotanyň yzygiderliligini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Alymlar 100-den gowrak molekulany diýen ýaly döretdiler, soňra tejribehanada köpeltdiler we hakyky gurluşyň çak edilýänine laýyk gelýändigini barladylar. Netijeler usulyň ýokary takyklygyny tassyklady: döredilen beloklar ösen modellere düýbünden gabat gelýärdi.
Mundan başga-da, täze çemeleşme, antikorlaryň ululygyna has ýakyn bolan 1000 aminokislotalara çenli beloklary döretmäge mümkinçilik berdi. Bu, köp funksiýany bir beloga birleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açýar, mysal üçin, patogenleri tanamak we ýok etmek üçin döredilen.
Hendrik Ditz “Lukmançylykda, diagnostikada we biotehnologiýada ulanyp boljak toplumlaýyn funksiýalary bolan uly molekulalary döretmäge bir ädim golaýlaşýarys» diýip belläp geçdi. Täze açyş, AI-ni belok gözlegine goşmagyň möhümdigini görkezýär. “AlphaFold2” ýaly gurallary ulanmak diňe bir dizaýn işini çaltlaşdyrman, eýsem biologiýada we lukmançylykda innowasion çözgütlere ýol açyp, has takyklaşdyrýar.
Güljahan TÄÇMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby