Jon Hopkins uniwersitetiniň alymlary açyş etdiler: Siriýanyň gadymy Tell Umm el-Marra şäherinde takmynan 4400 ýyl töweregi elipbiý ýazylan toýun silindrler tapyldy. Ol, ýazuw taryhy baradaky pikirleri düýpgöter üýtgedýän öň belli elipbiý ulgamlaryndan 500 ýyl könedir. Gözlegiň netijeleri “American Society of Overseas Research”-iň (ASOR) her ýylky konferensiýasynda hödürlendi.
Barmagyň ölçegine deň bolan toýun silindrleri gowy goralyp saklanan mazardan tapyldy, içinde alty sany süňk, altyn we kümüş şaý-sepler, keramiki gaplar we ýaraglar hem bar. Silindrlerdäki ýazgylaryň ýaşy takmynan 2400-nji ýyla degişlidir — muny radiokarbon bilen tassyklamak mümkin.
Elipbiýiň b.e. öňki 1900-nji ýylda Müsürde oýlanyp tapylandygy hasaplanýardy. Şeýle-de bolsa, täze tapyndy elipbiýiň alternatiw gelip çykyşyny we ozal beýleki sebitlerde ulanylandygyny görkezýär. Nyşanlary kesgitlemek ukyby bolmazdan, gözlegçiler diňe manylaryna göz ýetirip bilerler.
Gazuw-agtaryş müdiri professor Glenn Şwars: “Bu silindrler gabyň düzümini, gelip çykyşyny ýa-da eýesiniň adyny görkezýän bellikler bolup biler” — diýip belledi. Şeýle-de bolsa, açyş, ýazuwyň gelip çykyşyny öwrenmekde, gadymy Ýakyn Gündogaryň medeniýeti we ösüşi baradaky bilimlerimizi giňeltmekde täze ädim bolup biler.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby