Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary, halkymyzyň baý medeni mirasyny we gadymy däp-dessurlaryny saklap, nesillere ýetirýän, örän möhüm çeşme bolup durýar. Döwlet baştutanymyzyň kitaplary diňe bir pikirlenmegiň täze ugruny açmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginde Türkmenistanyň ylym, medeniýet we jemgyýetçilik ulgamlaryndaky ösüşlerini giňden tanatmakda hem uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň gymmatly eserleri halkyň ruhy-ahlak taýdan ösüşini, ýaşlaryň terbiýesini we ýaşaýyş ýörelgelerini öz içine alýan pedagogik, filosofik hem-de jemgyýetçilik pikirlere baýdyr. Olarda her bir nesliň öňünde goýulýan esasy maksatlaryň biri – ruhy taýdan berk, akyl taýdan ösen, ahlak taýdan ýokary şahsyýetler döredip, olaryň ýurduna we halkyna bolan söýgisini, milli mirasyna bolan sarpasyny ýokarlandyrmakdyr.
Hormatly Prezidentimiziň kitaplary diňe bir türkmen halkynyň arasynda däl, eýsem, dünýäniň dürli künjeklerinde bolup geçýän jemgyýetçilik-ykdysady ösüşlere, halkara gatnaşyklara bolan täzeçe düşünjeleriň ýaýramagyna uly goşant goşýar. Bu ajaýyp kitaplar, halkyň ruhy ösüşiniň tarapdary bolmak bilen, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşine ynam berýär.
Kitaplaryň yşygy her bir okyjysynyň ýüregine ýakyn bolup, olara üstünlikleriň we kämilligiň ýolunda ugur görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary, döwletimiziň gazanýan üstünliklerinň we täze ýeňişleriň ykdysady we jemgyýetçilik mümkinçiliklerini özünde jemläp, geljekki nesilleri ösdürmäge, ýaşlary öz halkynyň we ýurduň ruhy ösüşi üçin taýýarlamaga örän möhüm nusga bolup durýar. Bu gymmatly kitaplar diňe bir ylym, bilim, medeniýet ulgamynyň ilerlemegi üçin däl, eýsem, geljekki nesillere, halkyň belent ahlakly we kämil şahsyýetleri bolmaklaryna uly goşant goşar.
Atajanowa Nasiba,
Daşoguz şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy



