Atçylygyň halk hojalygynda ähmiýeti
Ajaýyp ahalteke bedewleriniñ gözelligi, ýyndamlygy, çydamlylygy her bir ynsany haýrana goýýar. Asyllylyk, gelşiklilik, hereketleriniñ örän ýeñil we sazlaşykly gopmagy, egsilmez gujurlylygy behişdi bedewlerimizi onuñ Watany-Türkmenistanyñ çäklerinden alyslarda hem şöhratlandyrdy. Ahalteke bedewleri türkmen halkymyzyñ aýratyn buýsanjy bolmak bilen bir hatarda, umumy adamzat gymmatlyklarynyñ genji-hazynasyna türkmen halkynyñ goşan gymmatly goşandydyr. Türkmenistanyñ Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyñ çuññur aladalarynyñ we hemaýatydyr godawlarynyñ netijesinde dine bir türkmen bedewleri barada däl, eýsem bu gymmatly medeni mirasymyzy nesillerden nesillere ýetirmäge, pederlerimiziñ atçylyk ýörelgelerini kämilleşdirmäge ömrüni bagş eden atşynaslar, atçylyk pudagynyñ işgärleri barada içgin aladalar edilýär.
Häzirki wagtda “Türkmen atlary” döwlet birleşigi sap ganly ahalteke we ýomut atlarynyñ baş sanyny köpeltmek, seçgilemek, gadymy nesil ugurlaryny dikeltmek, bedewlerimiziñ syna-sypatyny kämilleşdimek, olary saklamak we idetmek bilen baglanşykly ähli meseleler bilen ýörüte meşgullanýan ýeketäk merkez hasaplanýar. Atşynaslara, seýislere we şu ugurdan göreldeli zähmet çekýän hünärmenlere döwlet derejesinde goýülýän uly hormatyñ we sarpanyñ nyşany hökmünde “Türkmenistanyñ at gazanan atşynasy” diýen hormatly at döredildi.
Atlaryň biologiýasynyň aýratynlyklary
Atlar beýleki mallaryň görnüşleri bilen deňeşdirilende özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýarlar. Sebäbi olara örän ýokary işeňňirlik, ýyndamlylyk we owadanlyk mahsus. Şonuň üçin atlaryň süňki örän berk myşsalary ösen. Olar elmydama ýokary hereketde bolýanlygy üçin atlaryň gan aýlanyşy, dem alyş agzalary we ýylylygy kadalaşdyrýan agzalary oňat ösen. Olaryň iýmit siňdiriş we süýt beriş agzalary gowşak ösen. Şeýle hem beýleki mallar bilen deňeşdirilende mydama ýyndamlyk hereketde bolýanlygy sebäpli olaryň aşgazanynyň göwrümi onçakly uly däl, bir kameraly, 15-20 litr suwuklyk ýerleşýär. Emma iri şahly mallarda 200 litr, goýunlarda 30 litr. Atlar ýogyn içegäniň göwrümi boýunça ýokary derejede durýar.Oňa 150-160 litr, iri şahly mallar 50 litr, goýunlara 5 litr suwuklyk ýerleşýär. Gäwiş gaýtarýan mallar bilen deňeşdirilende iri baldakly otlary, ylaýtada samany pes siňdirýär. Şonuň üçin atçylykda esasy ot-iým süle we ýokary hilli bede hasaplanýar. Atlar dürli şertlere çalt uýgunlaşýarlar.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty
3-nji ýyl talyby Seýliýew Gadam