Badyýan suwy — bedene edýän täsiri taýdan iň güýçli erginleriň biridir. Bu suw witaminleriň, minerallaryň,
mikroelementleriň gorudyr.
Onda güýçli antioksidant täsiri bolan we gan damarlaryny güýçlendirýän C, B, K, PP witaminleri,
retinol, karotin we bioflawonoidler bar. Iýmit maddalarynyň ähli baýlygy bilen bu suwuň kaloriýasy gaty
pes (100 ml — 47 kkal), 85% suwdan, takmynan 8% uglewoddan, 4% belokdan durýar. Düzüminde ýag
ýok diýen ýalydyr.
Dermanlyk aýratynlyklary
Şiresi peşew ýollarynyň keselleri üçin maslahat berilýär. Bedenden artykmaç suwuklygy
aýyrmaga kömek edýär we çişmegi ýeňilleşdirýär. Mikroblara garşy göreşýär.
Badyýan suwuny yzygiderli we oňat dozada içmek böwreklerde, peşewde we öt haltasyndaky
çägeleri we daşlary eretmäge kömek edýär.
Tiroidiň, adrenaliniň kadaly işlemegini goldaýar, içegeleriň hereketini güýçlendirýär.
Işdäniň peselmegi, iýmit siňdirilmezlik, pes kislotaly gastrit we gipertoniýa bolan ýagdaýynda
ony ulanmak peýdalydyr.
Badyýan suwy aýdyň gipoglikemiki täsire eýedir, şonuň üçin ol süýji keseli üçin berhizdir.
Badyýan we ter şugundyr suwlarynyň garyndysy, yzygiderli içilende, gan aýlanyşygy kadalaşýar.
Üns beriň! Badyýan suwy bilen bejergi alnanda eti, şekeri, krahmal önümlerini ulanmazlyk maslahat
berilýär.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.