Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr. Çaga — diňe bir maşgalanyň däl, eýsem tutuş jemgyýetiň we Watanyň geljegidir. Şonuň üçin hem sagdyn, bilimli, watansöýüji we ahlakly nesli kemala getirmek döwletimiziň öňünde duran iň mukaddes borçlaryň biridir.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda çagalaryň hukuklaryny goramak, olaryň bilim almak, sagdyn ösmegini üpjün etmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda döwrebap çagalar baglary, orta mekdepler, döredijilik merkezleri we sport toplumlary gurlup ulanmaga berilýär. Bu bolsa çagalaryň ýaşlykdan başlap bilimli, başarjaň we maksada okgunly bolup ýetişmegine giň mümkinçilikleri döredýär.
Çagalaryň terbiýesi, ilki bilen, maşgala terbiýesinden başlanýar. Maşgala — çaganyň ilkinji mekdebi, ene-ata bolsa onuň ilkinji mugallymydyr. Milli terbiýä, ahlaklylyga, uly-kiçä hormat goýmaga, watansöýüjilige esaslanan terbiýe çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Döwletimiziň alyp barýan syýasaty hem maşgala binýadyny berkitmäge, çagalaryň ruhy we beden taýdan sagdyn ösmegine gönükdirilendir.
Bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler çagalaryň döwrebap bilim almagyna, täze tehnologiýalary özleşdirmegine şert döredýär. Sanly bilim ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy, daşary ýurt dilleri öwrenmegiň giňeldilmegi, ylmy-bilim bäsleşikleriniň geçirilmegi ýaş nesliň ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykmagyna itergi berýär. Bilimli çaga — ertiriň alymy, mugallymy, inženeri, ýolbaşçysydyr.
Şeýle hem sportuň we bedenterbiýäniň ösdürilmegi çagalaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini üpjün edýär. Sagdyn bedenli we ruhy taýdan berk nesil — güýçli döwletiň binýadydyr. Halkara derejeli sport ýaryşlarynda üstünlik gazanýan ýaş türgenlerimiz muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, bilimli we terbiýeli bolup ýetişmegi Watanymyzyň geljeginiň berk we ygtybarly bolmagynyň kepilidir. Bagtyýar çagalar bar ýerinde bagtyýar geljek bar. Şonuň üçin hem her bir çaganyň bagtyýar gülküsi, arassa arzuwy we röwşen geljegi biziň hemmämiz üçin iň gymmatly baýlykdyr.
Laçyn Hemraýewa,
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 19-njy çagalar bagynyň terbiýeçi usulýetçisi



