Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesliň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim-terbiýe almagy hem-de sagdyn ruhda kemala gelmegi ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Çagalar baradaky döwlet syýasaty ýurdumyzyň iň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Sebäbi çagalar – Watanymyzyň geljegi, ertirki ösüşlerimiziň dowamydyr. Şonuň üçin hem ýaş nesliň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, giň dünýägaraýyşly, bilimli we edepli şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döwrebap çagalar baglary, mekdepler, sport toplumlary we medeni merkezler gurlup ulanmaga berilýär. Bu işler ýaş nesliň hem beden, hem-de ruhy taýdan sagdyn ösmegine uly ýardam berýär. Döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan çagalar baglarynda çagalar bilim-terbiýäniň ilkinji basgançagyny üstünlikli geçýärler.
Çagalyk döwri ynsan ömrüniň iň tämiz, iň täsirli hem-de iň ähmiýetli döwrüdir. Hut şu döwürde çaganyň häsiýeti, dünýä garaýşy, gylyk-häsiýetleri kemala gelýär. Şonuň üçin hem çagalaryň dogry terbiýe almagy, olaryň bilim öwrenmäge bolan höwesiniň artdyrylmagy örän möhümdir. Çagalar baglarynda geçirilýän gyzykly sapaklar, döredijilik çäreleri, aýdym-sazly çykyşlar hem-de sport oýunlary çagalaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge uly täsir edýär.
Bagtyýar çagalyk ilkinji nobatda maşgaladan başlanýar. Maşgaladaky ýyly gatnaşyk, ene-atanyň söýgüsi we aladasy çaganyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna ýardam berýär. Şeýle hem terbiýeçiler bilen ene-atanyň özara hyzmatdaşlygy çagalaryň edepli, tertipli we watansöýüji şahsyýetler bolup ýetişmeginde möhüm orun eýeleýär. Çagalaryň ýüregine ýagşylyk, dostluk, zähmetsöýerlik ýaly ajaýyp häsiýetleri siňdirmek her bir ulunyň mukaddes borjudyr.
Ýurdumyzda ýaş nesliň saglygyny goramak meselesine hem uly ähmiýet berilýär. Sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek çagalaryň beden taýdan berk ösmegine ýardam edýär. Şonuň üçin hem häzirki wagtda çagalar üçin sport mekdepleri, oýun meýdançalary we dynç alyş merkezleri giňden gurulýar. Bu bolsa ýaşlaryň boş wagtlaryny netijeli geçirmegine hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmagyna mümkinçilik döredýär.
Häzirki döwürde bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler hem çagalaryň bagtyýar geljeginiň berk binýadyny düzýär. Döwrebap bilim usullary, sanly tehnologiýalar we innowasion çemeleşmeler ýaş nesliň giň düşünjeli, zehinli şahsyýetler bolup ýetişmegine ýardam berýär. Bilimli, edepli, ruhubelent ýaşlar bolsa ýurdumyzyň ertirki ösüşleriniň esasy güýjüdir.
Bagtyýar çagalar – ýurdumyzyň iň uly baýlygydyr. Çagalaryň ýüzündäki şatlyk, olaryň döwrebap şertlerde bilim almagy we döredijilik bilen meşgullanmagy Watanymyzyň geljeginiň ýagtydygyny görkezýär. Ýaş nesil barada edýän taýsyz aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Goý, bagtyýar çagalaryň şat gülküsi ýurdumyzda baky ýaňlanyp dursun!
Çaryýewa Gülsün,
Türkmenabat şäheriniň 19-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi


