Universty of Sussex dizaýn boýunça tamamlan Lýusi Hýuz ekologiýa taýdan zyýanly bir gezeklik plastmassa we galyndylary netijesiz dolandyrmak meselesini çözmegi başardy. Oňa balyk gaýtadan işleýän galyndylary ulanýarka, plastmassa çalşyp biljek ekologiýa taýdan arassa material döretmegi başardy. “MarinaTex” diýlip atlandyrylýan täze bioplastik 4-6 hepdäniň içinde toprakda dargap, adaty öý galyndylaryny ýygnamak ulgamy arkaly zyňylyp bilner. Londonyň günorta-günbatarynda ýaşaýan Lýusi Hýuz balyk derisinden alnan beloklary baglamak üçin gyzyl suwotulary ulandy we dury, çeýe material ýasady.
Hasaplamalara görä, Angliýada her ýyl takmynan 5 million tonna bir gezeklik plastmassa ulanylýar, ýarysyna golaýy gaplanýar. Mundan başga-da, Angliýada her ýyl balyk gaýtadan işleýän senagat takmynan 500 müň tonna balyk galyndylaryny öndürýär, bu wagta çenli netijesiz we pes söwda gymmaty hasaplanýar. Sýuzeksiň kenaryndaky gözlegleriň netijesinde Hýuz balyk derileriniň we terezileriniň çeýeligi we güýç aýratynlyklary sebäpli iň geljegi uly alternatiw plastmassadygyny anyklady. Diňe şol ýerde ýygnan Atlantik kodunyň 1400 halta Marinatex döretmek üçin zerur galyndylary üpjün edip biljekdigine göz ýetirdi.
Batyr Berdiýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby